2025-nji ýyl üçin Tsinghua Uniwersitetiniň Amgen talyp haky maksatnamasy
Tsinghua Uniwersitetindäki Amgen Scholars maksatnamasy biomedisina ylymlarynyň dürli ugurlarynda sekiz hepdelik intensiw gözleg maksatnamasyny hödürleýär. Kabul edilen dalaşgärler fakultetiň laboratoriýasyna goşulyp, bir ýa-da birnäçe ylmy-barlag taslamalaryna gatnaşarlar. Her talyba mugallymlardan ylmy ýolbaşçy belleniler. Şeýle hem, laboratoriýada talyba öwretmek we kömek etmek üçin ýaş alym, tehnik ýa-da aspirant belleniler. Laboratoriýanyň agzasy hökmünde, talyp hepdede laboratoriýa ýygnaklary, topar pikir alyşmalary, prezentasiýa tälimi we umumy uniwersitet seminarlary ýaly dürli akademiki çärelere gatnaşyp biler.
Artykmaçlyklar:
– Talyplar staž döwründe talyp hakyny alarlar
– Pekine iki taraplaýyn uçak bileti goşulýar
– Tomusky sessiýanyň okuw tölegi kabul edýän institut tarapyndan tölenilýär
– Ýaşaýyş jaý üpjün edilýär
– Iýmit üçin kömek pul goşulýar
– Simpozium üçin ýol we ýaşaýyş çykdajylary hem uniwersitet tarapyndan tölenilýär
Arzany nädip tabşyrmaly:
1-nji ädim: Resminamalary taýýarlamak
Doly resminama toplumyna şular girýär:
• Rezýume (CV)
• Şahsy maglumat arza formasy (Nusga: https://tsinghuaamgenscholars.com/AmgenScholars/Personal%20Information.xlsx )
• Açyk soraglara jogaplar ( Nusga: https://tsinghuaamgenscholars.com/AmgenScholars/Open%20Questions.docx )
• Höweslendiriş haty (Nusga: https://tsinghuaamgenscholars.com/AmgenScholars/Statement%20of%20Purpose.docx )
• Resmi häzirki akademiki ýetişginligi (gol we möhür bilen)
• Iki sany hödürleýiş haty
• Iňlis dili derejesi barada şahadatnama (IELTS: 5.5-den ýokary; TOEFL(IBT): 72-den ýokary)
2-nji ädim: Resminamalary tabşyrmak
Ähli resminamalary (hödürleýiş hatlaryndan başga) taýýarlap, amgenscholars@tsinghua.edu.cn
e-mail salgysyna iberiň.
Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 1-nji fewral, 2025
HABARLAŞMAK ÜÇIN:
Dr. Ligong Çen, Maksatnamanyň direktory
Linan Cang, Maksatnamanyň dolandyryjysy
+86-10-6277-3295
E-mail: amgenscholars@tsinghua.edu.cn
Has giňişleýin maglumat: https://amgenscholars.com/university/tsinghua-university/