11
Oct

ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlarynda orta mekdep mugallymlary üçin gözleg (SUSI)

ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlarynda orta mekdep mugallymlary üçin gözleg (SUSI)
Döwlet ABŞ
Dil iňlis
Deadline 2022-12-01

Orta mekdep mugallymlary üçin SUSI, orta mekdep mugallymlaryna we ýolbaşçylaryna ABŞ-nyň jemgyýetine, medeniýetine,gymmatlyklaryna we edaralaryna

düşünişlerini çuňlaşdyrmaga mümkinçilik bermegi maksat edinýän intensiw akademiki maksatnama. Esasy maksat orta mekdeplerde we beýleki bilim edaralarynda ABŞ barada okatmagyň hilini ýokarlandyrmak.

Bäş hepdelik mugallymlar we ýolbaşçylar üçin maksatnama, lukmançylyk, howpsuzlyk we syýahat şertlerine baglylykda 2023-nji ýylyň iýun aýyndan başlap ýa-da ondan soň ABŞ-da geçiriler. Takyk seneleri soň kesgitlener.

Dalaşgärleriň:

  1. Iň azyndan bäş ýyl iş tejribesi bolmaly
  2. Orta mekdepleriň ýa-da daşary ýurt dil merkezleriniň tejribeli mugallymlary ýa-da ýolbaşçylary bolmaly.
  3. ABŞ-da mundane ozal az iş tejribesi bolmaly ýa-da hiç bolmaly däl.
  4. ABŞ-nyň okuwlaryna laýyk gelýän kurslary ýa-da okuw materiallaryny täzelemek ýa-da ösdürmek, gatnaşýan okuw jaýy boýunça täze kurslary taýýarlamak ýa-da maksatnama bilen baglanyşykly ABŞ bilimleriniň hünärmenleri üçin ýörite seminarlar geçirmek üçin ýörite meýilnamalaryňyz bolmaly.
  5. Iňlis dilini erkin bilmeli

Maksatnama ýol tölegleri, ýaşaýyş jaýy, kitaplar, goşmaça çykdajylar we lukmançylyk ätiýaçlandyryşy ýaly ähli çykdajylary öz içine alýar.

Arzany göçürip alma üçin: MS Word görnüşinde, dolduryp, çap etmek ýeterlidir: https://tm.usembassy.gov/wp-content/uploads/sites/124/2016/11/SUSI_application.doc (DOC 42 KB)

Ýa-da Adobe PDF görnüşinde: https://tm.usembassy.gov/wp-content/uploads/sites/124/2016/11/SUSI_application.pdf  we AshgabatEducation@state.gov 2022-nji ýylyň dekäbr aýynyň 1-ne çenli AshgabatEducation@state.gov salgy boýunça iberilmelidir.

Giriş möhleti: 2022-nji ýylyň 1-nji dekabry

Habarlaşmak üçin:

Uçurymlaryň utgaşdyryjysy

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy

Ofisi: +993 12 473503 giňeltme 245 (245-e birikmegi haýyş ediň)

Goşmaça maglumat: https://tm.usembassy.gov/education-culture/exchange-programs/susi-secondary-educators/