Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Okuw Institutlary (SUSI) 2025-nji okuw ýylynda orta bilim pudagynyň işgärleri üçin maksatnama

Orta bilim işgärleri üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy orta bilim ulgamynda işleýän mugallymlara we dolandyryjylara amerikan jemgyýetine, medeniýetine, gymmatlyklaryna, guramalaryna çuňňur göz ýetirmegi hödürleýän çalt depginli maksatnamadyr.
Mugallymlar we dolandyryjylar* üçin bolan bu bäş hepdelik maksatnama, saglyk, howpsuzlyk hem-de syýahat kynçylyklary bolmadyk ýagdaýynda, 2025-nji ýylyň tomsunda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dürli ýokary okuw jaýlarynda geçiriler. Her bir ýokary okuw jaýy dört hepdelik akademiki okuwyny we ABŞ-nyň başga bir sebitinde bir hepdelik okuw saparyny öz içine alýar.
Bellik:* «Dolandyryjylar» topary mugallymlary taýýarlaýjylary, okuw meýilnamalaryny we kitaplaryny işläp düzmäge gatnaşyjylary, we Bilim ministrliginiň wekillerini öz içine alýar.
Artykmaçlyklary:
– Maksatnama ähli çykdajylary ýapýar;
– syýahat çykdajylary,
– ýaşaýyş çykdajylary,
– kitaplar,
– hadysalar we lukmançylyk ätiýaçlandyryşy.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:
- Dalaşgärler 30-50 ýaş aralygynda, orta bilim ulgamynda ýa-da dil öwrediş merkezlerinde işleýän, orta derejedäki, okuwçylary takmynan 14-18 ýaş aralygynda bolan, höwesjeň we tejribeli hünärmenler bolmaly.
- Dalaşgärleriň azyndan bäş ýyl iş tejribesi bar bolmaly.
- Dalaşgärler orta bilim ulgamynda ýa-da dil öwrediş merkezlerinde işleýän orta derejedäki, höwesjeň we tejribeli hünärmenler bolmaly.
- Dalaşgärler öň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okuw ýa-da iş üsti bilen bolup görmedik ýa-da az möhletleýin bolan bolmaly.
- Işleýän okuw jaýlarynda ýa-da edaralarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary barada öwrenişiň dürli taraplaryny okuw maksatnamasyna girizmegi meýilleşdirýän, Amerikada okan ýokary okuw jaýynyň ugry boýunça öz ýurdyndaky ýokary okuw jaýynda täze kurslary açmagy niýet edinýänler, ABŞ barada ozal bar bolan sapaklaryň üstüni ýetirmegi meýilleşdirýänler we Amerikany öwreniş ugurlary boýunça ýörite seminarlary guramakçy bolýanlara aýratyn üns berler.
Programmalary şu ýerden ýükläp alyp bilersiňiz: MS Word formatynda: https://tm.usembassy.gov/wp-content/uploads/sites/124/2024-SUSI-for-SE-Application-Form-.doc ýa-da
Adobe PDF formatynda: https://tm.usembassy.gov/wp-content/uploads/sites/124/2024-SUSI-for-SE-Aplication-Form-.pdf
Has giňişleýin maglumat üçin e-mail iberip bilersiňiz: AshgabatEducation@state.gov
Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 2024-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli kabul ediler
Has giňişleýin maglumat: https://tm.usembassy.gov/tuk/education-culture-tk/exchange-programs-tk/susi-secondary-educators-tk/