Arheologiýa ugry boýunça InteRussia tejribe maksatnamasy
InteRussia maksatnamasy arheologiýa ugrundan ýaş hünärmenlere Russiýanyň ylmy-barlag we arheologik gurşawyna aralaşmaga mümkinçilik berýär. Tejribe döwründe gatnaşyjylar öňdebaryjy muzeýlere we arheologik desgalara, şol sanda Moskwa şäherinden daşardaky ýerlere baryp görerler, uniwersitetleriň meýdançalarynda ekspert sessiýalaryna gatnaşarlar, şeýle hem dürli ýurtlardan gelen kärdeşleri bilen hünär tejribesini alyşyp bilerler. Maksatnamada amaly arheologik işlere we meýdan barlaglaryna aýratyn üns berilýär.
Tejribe 2026-njy ýylyň iýun aýynyň 1-den 27-ne çenli dowam eder.
Geçirilýän ýeri: Moskwa ş., Russiýa.
Dili: iňlis dili.
Talaplar:
- Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (öňki sowet ýurtlary), Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlarynyň, Hindistanyň ýa-da Pakistanyň raýaty bolmak;
- Russiýa Federasiýasynyň çäginden daşarda ýaşamak;
- Arza berlen pursatynda Russiýanyň bilim edaralary we iş berijileri bilen okuw ýa-da zähmet gatnaşyklarynyň bolmazlygy (dalaşgär Russiýanyň okuw mekdeplerinde okamaly däl ýa-da Russiýanyň guramalary bilen iş gatnaşygynda bolmaly däl);
- Ýaşy: 25–40 ýaş aralygy;
- Iňlis dilini professional derejede bilmek (B2 derejesinden pes bolmaly däl);
- Ylmy derejesi: ylmy guramada, analitiki merkezde iş tejribesi ýa-da aspirantura (doktorantura);
- Barlag meýilnamasy: tejribe döwründe şahsy taslamanyň tanyşdyrylmagy.
Nädip gatnaşmaly?
- Gorçakow gaznasynyň saýtynyň iňlis dilindäki görnüşinde hasaba duruň: https://en.gorchakovfund.ru/. Eger hasaba alnandygyňyz barada tassyklama haty gelmese, “Spam” papkasyny barlaň.
- “My projects” (Meniň taslamalarym) bölümine giriň, “Create application” (Arza döretmek) düwmesine basyň, “InteRussia Archaeology 2026” bäsleşigini saýlaň we “Yes” (Hawa) düwmesine basyň.
- Ähli hökmany öýjükleri dolduryň.
- Arzaňyza portfolionyň salgysyny goşuň.
- “Submit application” (Arza tabşyrmak) bölüminde degişli düwmä basyň we arzaňyzyň statusynyň “Preparation” (Taýýarlyk) ýagdaýyndan “Submitted” (Tabşyryldy) ýagdaýyna geçmegine garaşyň.
Gatnaşmak şertleri
Gurnawçylar aşakdakylary üpjün edýärler:
- tejribeçiniň ýaşaýan ýerinden Moskwa çenli we yzyna ýol çykdajylaryň tölegi;
- myhmanhanada iki adamlyk otagda ýaşamak;
- tejribe döwründe 30 000 rubl möçberinde talyp haky (stipendiýa).
Gatnaşyjylar aşakdakylary özleri töleýärler:
- lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy;
- wiza üçin töleg;
- tejribe döwründäki iýmit çykdajylary.
Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 19-njy aprel, Moskwa wagty bilen sagat 23:59.
Soraglar üçin email: info@interussia.com.
Has giňişleýin maglumat: https://ivran.ru/anonsy?artid=222750