10
Apr

CSEAS Talyp Haky – Kioto Uniwersiteti, Ýaponiýa

CSEAS Talyp Haky – Kioto Uniwersiteti, Ýaponiýa
Döwlet Ýaponiýa
Deadline 2026-04-30

1975-nji ýyldan bäri Kioto Uniwersitetiniň Günorta-Gündogar Aziýa Barlaglary Merkezi (CSEAS) Günorta-Gündogar Aziýa boýunça köp ugurly ylmy barlaglary goldamak maksady bilen abraýly myhman alymlary malsatnamasyny alyp barýar. Şu wagta çenli bu maksatnamada 450-den gowrak öňdebaryjy alym gatnaşdy. Bu maksatnama diňe akademiki alymlary däl, eýsem döwlet işgärlerini, žurnalistleri, kitaphanaçylary, GHG işgärlerini we Günorta-Gündogar Aziýa öwrenilmegi bilen baglanyşykly IT hünärmenlerini hem kabul edýär.

Bu maksatnamada gazananlar Ýaponiýanyň gadymy medeni paýtagty Kioto şäherinde işleýärler we dünýä derejesindäki ylmy çeşmelere, seminarlara hem-de halkara akademiki jemgyýetçiligine elýeterlilik gazanýarlar.

Dalaşgärlik talaplary: Dalaşgärler bellenilen wagtda 65 ýaşdan uly bolmadyk, ýokary abraýly we öndürijilikli alymlar bolmalydyr (65 ýaşdan uly adamlar diňe ajaýyp ýagdaýlarda göz öňünde tutulup bilner). Bu talyp haky aspiranturada ýa-da postdoktorantura okuwynda okaýan şahslara elýeterli däldir. Kitaphanaçy wezipesine diňe tejribeli hünärmenler arza berip biler. CSEAS stipendiýasyny ozal alan alymlar täzeden arza tabşyrmazdan ozal tamamlanandan soň alty ýylgaraşmalydyr.

Programma raýatlyk boýunça çäklendirme goýmaýar — ol dünýäniň ähli künjeginden alymlar üçin açykdyr. Şeýle-de bolsa, ylmy-barlag temasy Günorta-Gündogar Aziýany öwrenmek ýa-da sebit deňeşdirme perspektiwalary bilen baglanyşykly bolmalydyr. Degişli ylmy profili bolan türkmen alymlar arza tabşyrmaga hukuklydyr.

Goldaw we artykmaçlyklar: Üstünlikli dalaşgärler halkara syýahat we Kioto şäherindäki ýaşaýyş çykdajylaryny, şeýle hem barlag işlerini maliýeleşdirmek üçin talyp hakyny alýarlar. Mundan başga-da, hökümet düzgünlerine laýyklykda Ýaponiýa içindäki syýahatlar üçin maliýe goldawy berilýär. Talyp haky  döwründe barlag alymlary resmi taýdan Kioto Uniwersitetiniň işgärleri hasaplanýar.

Maliýe goldawyndan başga-da, gazananlar şulardan peýdalanýar:

  • CSEAS-yň giň kitaphana we barlag maglumatlar bazalaryna elýeterlilik
  • Konferensiýalara, seminarlara we işçi duşuşyklaryna gatnaşmak mümkinçiligi
  • Southeast Asian Studies we Kyoto Review of Southeast Asia žurnallarynda neşir etmek mümkinçiligi
  • Ýaponiýanyň medeni hazynasynyň esasy saklanýan ýeri bolan gözel Kioto şäheriniň özboluşly atmosferasy

Arza tabşyryş tertibi:

Ähli arzalar resmi web-sahypadaky onlaýn forma arkaly tabşyrylýar.

  • Doldurlan onlaýn arza formasy
  • Onlaýn arza bilen birlikde aşakdaky resminamalar PDF görnüşinde aýratyn goşulyp, grants@cseas.kyoto-u.ac.jpelektron poçta salgysy arkaly iberilmelidir:
  • CV (5 sahypadan köp bolmaly däldir we ähli esasy çap işleriniň sanawyny hökmany suratda öz içine almalydyr)
  • talyp haky döwri üçin ylmy-barlag meýilnamasy (CSEAS-da boljak wagty üçin barlag taslamasyny 2 sahypa çäginde gysgaça beýan etmeli; goşa setir aralyk bilen ýazylmaly we bölümlere görä düşündiriş berilmeli; resmi blanky web-sahypadan ýükläp almak zerurdyr)
  • Iki sany maslahat haty (dalaşgärler öz maslahat berýän adamlary bilen özbaşdak habarlaşyp, hatlary göni CSEAS-a elektron poçta arkaly ibermeklerini soramalydyr; hatlar maslahat berijiniñ edarasynyň resmi blanky bilen ýazylmalydyr)

 

Dowamlylygy we boş orunlar: maksatnama 3-den 6 aýa çenli dowam edýär. Her ýyl bäsleşik esasynda 14 talyp taky berilýär. 2027-nji ýyl üçin maý, iýun, iýul, awgust, sentýabr we noýabr aýlarynda başlanýan boş orunlar bar.

Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 30-njy aprel, 2026-  njy ýylyň.

Çeşme:https://kyoto.cseas.kyoto-u.ac.jp/en/education-2/visiting-research-and-guest-scholars/