Daşary ýurt raýatlary üçin “KFU-nyň HALKARA OLIMPIADALARY” (“INTERNATIONAL OLYMPIADS OF KFU”) 2025/2026 okuw ýyly
Kazan (Powolžýe) federal uniwersiteti daşary ýurtlaryň 10-11-nji synp okuwçylaryny, şeýle hem uçurymlaryny we ýokary kurs talyplaryny “International Olympiads of KFU” olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar!
Olimpiadalar daşary ýurtlaryň bilim edaralarynyň 10-11-nji synp okuwçylarynyň (şol sanda görkezilen bilim maksatnamalaryny maşgala bilimi görnüşinde özleşdirýänleriň), şeýle hem bakalawriat (3-4-nji kurslar), hünärmen maksatnamasy (hünärmen – 4-5-nji kurslar) boýunça okaýan soňky kurs talyplarynyň we ýokary okuw jaýlarynyň uçurymlarynyň arasynda tölegsiz we meýletin esasda geçirilýär.
Ýeňijiler we baýrakly orun eýeleri 2026/27-nji okuw ýylynda KFU-da ýa-da Russiýanyň beýleki ýokary okuw jaýlarynda bakalawriat, hünärmen we magistratura maksatnamalary boýunça okamaga kwota alýarlar.
Dersler:
Mekdep okuwçylary üçin:
- Himiýa
- Fizika
- Biologiýa
- Rus dili
- Iňlis dili
- Hukuk
- Edebiýat
- Informatika
Talyplar üçin:
- Nebit-gaz inženerligi
- Himiýa
- Daşary ýurt dili hökmünde rus dili
- Iňlis dili
- Dizaýn
- Mugallymçylyk bilimi (Pedagogika)
- Amaly matematika we informatika
- Ykdysadyýet we dolandyryş
Olimpiada gatnaşmak mugt.
2025/2026-njy okuw ýylynda olimpiadanyň tapgyrlary:
- Saýlaw tapgyry
Möhleti: 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 1-29 aralygy
Görnüşi: uzakdan (onlaýn)
Ýeňijiler we baýrakly orun eýeleri (her ugur boýunça mekdep okuwçylarynyň 45%-e çenli we talyplaryň 50%-e çenli) jemleýji tapgyra gatnaşmaga çagyrylýar.
- Jemleýji tapgyr: 2026-njy ýylyň fewraly 2-10 aralygy
Görnüşi: KFU-nyň hyzmatdaşlarynyň meýdançalarynda ýüzbe-ýüz (adaty görnüşde) we uzak aralyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly.
Giňişleýin maglumat: https://malun.kpfu.ru/mpo/fc