Global UGRAD 2022-2023 – Talyplar üçin halkara alyş-çalyş maksatnamasy
Talyplar üçin halkara alyş-çalyş maksatnamasy (Global UGRAD) ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Bilim we medeniýet meseleleri boýunça býurosynyň maksatnamasydyr.
Talyplar üçin halkara alyş-çalyş maksatnamasy ABŞ-nyň hökümetiniň maliýe goldawy bilen ABŞ-nyň Döwlet Departamenti tarapyndan hemaýatkärlik edilýär we “World Learning” tarapyndan amala aşyrylýar. Maksatnama ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplara bir ýa iki okuw semestriniň dowamynda ABŞ-nyň akkreditirlenen uniwersitetlerinde okamaga mümkinçilik berýär. Maksatnama boýunça okuwyny gutarandan soň talyplar öz ýurdynda okaýan ýokary okuw mekdeplerinde ýene-de bir okuw semestriniň dowamynda okamalydyrlar. Gatnaşyjylar açyk bäsleşik boýunça we başarnygy esasynda saýlanarlar. Arzalar ähli hünärler boýunça kabul edilýär, ýöne lukmançylyk, şepagat uýasy, stomatologiýa, weterinariýa, farmakologiýa we beýleki kliniki talyplary, alyş-çalyş maksatnamalaryň düzgünleri boýunça näsaglar we şol sanda jandarlar bilen gönümel işlemeklige rugsat berilmeýandigini nazara tutmalydyrlar. Şol sebäpli hem okuw işleriniň we çäreleriniň görnüşleri çäkli bolup biler.
Talyplar üçin halkara alyş-çalyş maksatnamasy, liderlik häsiýetleri bolan we öz ugurlarynda üstünlik gazanmak mümkinçiligi bolan ökde we zehinli talyplary çagyrýar. Daşary ýurtly talyplar çärelere gatnaşarlar we dünýäniň dürli künjeklerinden köp medeniýetli jemgyýetler bilen duşuşarlar. Bu maksatnamanyň çäginde dürli jemgyýetçilik taslamalaryna we çärelerine gatnaşyp, amaly iş tejribesini gazanarlar. Mundan başga-da, talyplar bilimlerini giňeltmäge, hünär endiklerini ösdürmäge we kämillige tarap ädim ätmäge mümkinçilik alarlar. Şeýle hem, talyplar beýleki medeniýetler bilen tanyşarlar, sebäbi dürli ýurtlaryň wekilleri gatnaşarlar. Mundan başga-da, bu Amerikanyň medeniýeti we jemgyýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.
Kriteriýalar:
– Talyplar ýaşaýan ýurdunyň raýatlary bolmaly.
– Maksatnama gatnaşmak üçin dalaşgärler ýaşaýan ýurdunda okamaly.
– Maksatnamada gazanmak üçin talyplar doly okuw programmalaryna ýazylmaly we iň bolmanda birinji okuw semestrini tamamlamaly. UGRAD alyş-çalyş maksatnamasy tamamlanandan soň, gatnaşyjylar azyndan bir semestri ýa-da şoňa meňzeş möhleti öz okuw jaýynda tamamlamaly.
– Dalaşgärlerden akademiki üstünlik, jemgyýetçilik gatnaşygy we okuwdan daşary çäreler arkaly liderlik potensialyny görkezmek talap edilýär.
– Mundan başga-da, talyplaryň TOEFL IBT 48 ýa-da ondan ýokary baly bolmaly.
– ABŞ-da ýa-da öz ýurdunyň daşynda galmak tejribesi bolmadyk dalaşgärlere ileri tutulýar.
– Daşary ýurtly talyplar maksatnama gutarandan soň öz ýurtlaryna dolanmalydyrlar.
– Gatnaşýanlar ABŞ-da programmanyň başlanýan senesine çenli azyndan 18 ýaşynda bolmaly.
Aşakdaky şahslaryň Global UGRAD maksatnamasyna gatnaşyp bilmeýärler:
– ABŞ-nyň hemişelik ýaşaýjylary we ABŞ raýatlary
– Häzirki wagtda öz ýurtlaryndan başga ýurtda okaýan, ýaşaýan ýa-da işleýän adamlar.
– ABŞ-nyň Döwlet Departamentinde we ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentliginde (USAID) işleýän beýleki ýurtlardaky ABŞ ilçihanalarynyň işgärleri; işgärler okuwy gutarandan soň bir ýyllap programma hem maksatnama gatnaşyp bilmeýärler.
– ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň we USAID-iň işgärleriniň maşgala agzalary (är-aýallary we çagalary); maşgala agzalary hem iş gutarandan soň bir ýyl maksatnama gatnaşyp bilmeýärler.
– World Learning işgärleri we olaryň maşgalalary.
Maksatnama doly maliýeleşdirilýär we aşakdakylar bilen üpjün edýär:
• J-1 görnüşli wizany almak üçin goldaw;
• Maksatnama gatnaşmak üçin gidiş-geliş ýol harajatlary;
• Saglyk ätiýaçlandyrmasy;
• ABŞ-daky okuw tölegleri;
• Ýaşaýyş jaýy we iýmit çykdaýjylary;
• Uly bolmadyk çykdaýjylar uçin aýlyk talyp haky;
• Okuw esbaplaryny satyn almak üçin çäkli pul serişdesi;
• Maksatnamanyň uçurymlary üçin hünär taýdan kämilleşmek boýunça giň okuw mümkinçilikleri;
Gerekli resminamalar:
• Doly doldurlan anketa
• Daşary ýurt pasportynyň nusgazy
• Baha tabeli ya-da bahalaryny görkezýän başga resminama
• Iki sany hödürleýiş haty (iňlis diline terjimesi bilen)
Arza bermek prosesi:
– Arzany onlaýn tabşyryp bilersiňiz: https://webportalapp.com/sp/login/ugrad_host_application_2023.
– ABŞ-nyň Global UGRAD alyş-çalyş maksatnamasyna ýüz tutmak üçin hasaba alynmaly (registrasiýa etmeli) we soňra onlaýn ýagdaýda arzany tabşyrmaly.
– Ähli zerur maglumatlary doldurmaly we bellenilen möhletden ozal arzany tabşyrmaly.
Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 2022-nji ýylyň 15-nji dekabry.
Arzany doldurma üçin gollanma: https://tm.usembassy.gov/wp-content/uploads/sites/124/Global-UGRAD-2021-2022-Aplicant-Guide.pdf
Hödürleýiş haty forma 1: https://tm.usembassy.gov/wp-content/uploads/sites/124/Recommendation-form-1-fillable.pdf
Hödürleýiş haty forma 2: https://tm.usembassy.gov/wp-content/uploads/sites/124/Recommendation-form-2-fillable.pdf
Doly maglumat: https://www.worldlearning.org/program/global-undergraduate-exchange-program/