Global UGRAD 2024-2025 – Talyplar üçin halkara alyş-çalyş maksatnamasy
Talyplar üçin halkara alyş-çalyş maksatnamasy (Global UGRAD) ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Bilim we medeniýet meseleleri boýunça býurosynyň maksatnamasydyr. Maksatnama ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplara bir ýa iki okuw semestriniň dowamynda ABŞ-nyň akkreditirlenen uniwersitetlerinde okamaga mümkinçilik berýär. Maksatnama boýunça okuwyny gutarandan soň talyplar öz ýurdynda okaýan ýokary okuw mekdeplerinde ýene-de bir okuw semestriniň dowamynda okamalydyrlar. Gatnaşyjylar açyk bäsleşik boýunça we başarnygy esasynda saýlanarlar. Anketalar ähli ugurlar boýunça kabul edilýär. Medisinany öwrenýän talyplar (şol sanda şepagat uýaçylygy, stomatologiýa, farmakologiýa, mal lukmançylygy we kliniki barlaglaryň beýleki ugurlary) alyş-çalyş maksatnamalaryň düzgünleri boýunça näsaglar we şol sanda jandarlar bilen gönümel işlemeklige rugsat berilmeýandigini nazara tutmalydyrlar. Şol sebäpli hem okuw işleriniň we çäreleriniň görnüşleri çäkli bolup biler.
Şu maksatnama 2024-nji ýylyň güýzünde başlaýar we 2025-nji ýylyň baharynda gutarýar.
Bellik: Global UGRAD maksatnamasy hiç hili okuw derejesini bermeýär we Amerikan uniwersitetinden gatnaşyjynyň öz ýurdundaky uniwersitetine okuw bahalaryny geçirmäge goldaw bermeýär |
Maksatnama gatnaşyjylar:
- Akademiki maksatnamanyň dowamynda ABŞ-nyň uniwersitetleriniň gündizki bölüminde okarlar;
- Öz ugurlary boýunça azyndan iki dersi we Amerikany öwreniş ugrundan, mysal üçin taryh, edebiýat, sungat ýa-da Amerikanyň hökümeti predmetlerinden azyndan birini almalydyrlar;
- Azyndan 20 sagat meýletin jemgyýetçilik işlerini ýerine ýetirmeli;
- Maksatnamanyň dowamynda hünär öwreniş okuwyny geçmeli.
Maksatnamanyň başlaýan döwründe gatnaşyjylaryň ýaşy azyndan 18 ýaş bolmalydyr.
Bu maksatnama ähli çykdaýjylary öz içine alýar:
- J-1 görnüşli wizany almak üçin goldaw;
- Maksatnama gatnaşmak üçin gidiş-geliş ýol harajatlary;
- Saglyk ätiýaçlandyrmasy;
- ABŞ-daky okuw tölegleri;
- Ýaşaýyş jaýy we iýmit çykdaýjylary;
- Uly bolmadyk çykdaýjylar uçin aýlyk talyp haky;
- Okuw esbaplaryny satyn almak üçin çäkli pul serişdesi;
- Maksatnamanyň uçurymlary üçin hünär taýdan kämilleşmek boýunça giň okuw mümkinçilikleri;
Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýän dalaşgärler aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:
- Doly doldurlan anketa
- Daşary ýurt pasportynyň nusgasy
- Tabel ýa-da bahalaryny görkezýän başga resminama
- Iki sany häsiýetnama haty (iňlis diline terjimesi bilen)
Onlaýn anketany şu saýtda tabşyryň: https://webportalapp.com/sp/login/ugrad_student_application_2024
Goşmaça maglumat üçin ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine ýüz tutup bilersiňiz: elektron poçta arkaly hat iberip bilersiňiz: AshgabatEducation@state.gov ýa-da www.worldlearning.org/ugrad
Anketa degişli materiallar
- Rekomendasiýa üçin 1-nji forma: https://tm.usembassy.gov/wp-content/uploads/sites/124/Recommendation-form-1-fillable.pdf
- Rekomendasiýa üçin 2-nji forma: https://tm.usembassy.gov/wp-content/uploads/sites/124/Recommendation-form-2-fillable.pdf
- Düzme ýazmak boýunça maslahatlar: https://tm.usembassy.gov/wp-content/uploads/sites/124/Global-UGRAD-Essay-Writing-Tips.pdf
Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 15-nji dekabr, 2023-nji ýylyň .
Doly maglumat: https://tm.usembassy.gov/tuk/education-culture-tk/exchange-programs-tk/global-ugrad-tk/