14
Feb

Merkezi Aziýanyň ýaşlar liderlik akademiýasy (CAYLA) – Onlaýn doly mugt

Merkezi Aziýanyň ýaşlar liderlik akademiýasy (CAYLA) – Onlaýn doly mugt
Dil Rus
Deadline 2023-03-05

Ýewraziýa gaznasy (ÝG) 2023-nji ýylyň aprel aýyndan başlap alty aýlap dowam edýän Merkezi Aziýanyň Ýaşlar Liderlik Akademiýasyna (CAYLA) gatnaşmak üçin bäsleşik yglan edýär. CAYLA ýaş liderlere onlaýn aragatnaşyk, amaly we okuw mümkinçilikleri berýär.

CAYLA, Merkezi Aziýanyň ýaş liderleri üçin interaktiw aragatnaşyk platformasy bolup, okamagy, aragatnaşyk gurmagy, liderlik ukyplaryny giňeltmegi goldaýar we ýaşlaryň we olaryň birleşikleriniň ösüşine oňyn täsir edýär. Maksatnama gatnaşmak üçin Gazagystandan, Türkmenistandan we Özbegistandan işjeň ýaşlar çagyrylýar.

CAYLA-nyň gatnaşyjylary hünärmenler tarapyndan taýýarlanan indiki bilim modullaryny okap geçerler: “Taslamany döretmek we dolandyrmak”, “Täsirli aragatnaşyk”, “Döredijilik we tankydy pikirlenmek”, “Köpçüligiň öňünde çykyş etmek”,  Fond ýygnamak”, “Gözegçilik we baha bermek”. Şeýle hem, gatnaşyjylar özbaşdak okamak üçin goşmaça modullar toplumyna girip bilerler. Ähli okuwlary tamamlan CAYLA gatnaşyjylary, okuwy tamamlandygy barada şahadatnama alarlar.

Kwalifikasiýa talaplary:
CAYLA üçin ideal dalaşgärler öz bileleşiklerine oňyn ösüşine goşant goşmaga taýyn we başarnykly jemgyýetleriň işjeň we jogapkär agzalarydyr.
Resmi saýlaw ölçegleri:
• Ýaşy: arza berlende 18-30 ýaş aralygynda bolmaly;
• Raýatlyk: Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan;
• Gazagystanda, Türkmenistanda ýa-da Özbegistanda ýaşaýyş üçin rugsatnamasy bolanlar;
• Maksatnamanyň doly sikline gatnaşmaga islegi;

Baha bermegiň ölçegleri:
CAYLA gatnaşmak üçin 120 töweregi adamlary çagyrýarlar. Saýlaw prosesi açyk we bäsdeşlikli.
Bilelişik işlerinde, meýletin işlerde we bilelişigiň ösüş taslamalarynda tejribesi bolan dalaşgärlere artykmaçlyk berilýär.
Resmi saýlaw ölçeglerine laýyk gelýän ähli arzalar, aşakdaky taraplary göz öňde tutup, bäsdeş eminler tarapyndan gözden geçirilýär we baha berilýär:
• Dalaşgäriň liderlik mümkinçiligi
• Adamyň bilelişigine ýa-da sebtine oňyn täsir etmelidigini dogry düşündirýän zerurlyk (sosial taslama ýa-da belli bir meseläni çözmek pikiri artykmaçlykdyr)
• Maksatnama gatnaşmak üçin güýçli höwes
• Meýletin ýa-da jemgyýetçilik işinde tejribe

Arzany nädip tabşyrmaly?
Maksatnama gatnaşmak isleýänleriň hemmesi arzany onlaýn baglanyşykda doldurýarlar: https://forms.office.com/pages/responsepage.aspx?id=VzkkBSQmEE6–wBHUFbmjqNt2ZPp_ZtHmOk7v04QY9xUOVhMU0VNU0ZJUkU4MVBXNTAzQUI5SUUzWiQlQCN0PWcu

Arza aşakdaky soraglardan hem ybaratdyr:
• Dalaşgär hakda esasy maglumatlar (ady, habarlaşmak üçin maglumatlar, bilim, iş tejribesi)
• Alnan bilimleri ulanmak meýilnamalaryny goşmak bilen maksatnama gatnaşmaga höwes
• Gatnaşyjy bilen habarlaşmak üçin maglumatlary

Habarlaşmak üçin:

Eger-de arza tabşyryş hakynda ýa-da umumy soraglaryňyz ýüze çyksa, e-mail üsti bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris: CAYLAapply@eurasia.org

Gysga wagtyň içinde jogaby almak üçin, mowzuk setrinde “CAYLA 2023” we döwletiňizi bellik etmegiňizi haýyş edýäris.

Arza tabşyrmagyň soňky güni: 2023-nji ýylyň mart aýynyň 5-ne sagat 22:59-a çenli (Türkmenistan wagty) kabul edilýär.

Doly maglumat: https://cayla.world/