Online Professional English Network (OPEN) 2023 atly maksatnamasy
The Online Professional English Network (OPEN) iňlis dili mugallymlary we bilim hünarmenleri üçin uniwersitet derejesindäki innowasion kurslary we onlaýn hünär ösüş maksatnamalaryny hödürleýär. Iňlis dili mugallymy ýa-da bilim hünärmeni bolsaňyz, ýetip gelýän gyş meýilnamasyna arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz.
OPEN maksatnama, ABŞ-nyň uniwersitetleri tarapyndan döredilen 8 hepdelik hünär derejesini ýokarlandyrmak kurslaryny hödürleýär we olaryň temalary indikiler: akademiki ýazuw kurslaryny taslamak we okatmak, onlaýn kurslary döretmek we durmuşa geçirmek(CIOC), talyplaryň höwesini we gatnaşygyny güýçlendirmek (FSME), TESOL usulyýeti, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we tankydy pikirlenmäniň okuw prosesine birleşdirilmek.
2023-nji ýylyň gyş paslynda başlaýan kurslar üçin 3-nji noýabra çenli arzaňyzy tabşyryň. ABŞ-nyň Döwlet Departamenti tarapyndan kursy tamamlanlaryň hemmesine şahadatnamalar we sanly nyşanlar berilýär.
Kriteriýalar:
Online Professional English Network (OPEN) maksatnamasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşynda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary üçin açykdyr. Global onlaýn kurslar üçin maksatnama diňe nominasiýa arkaly açykdyr. Iňlis dili bilen gyzyklanýan hünärmenler, soňky maglumat üçin ABŞ-nyň ýerli ilçihanasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary bölümine ýa-da sebitleýin iňlis dili bölümine ýüz tutmalydyrlar. ABŞ-nyň ilçihanalary dalaşgärleri saýlaýarlar we hödürleýärler. Iňlis dili maksatnamalary bölümi göni arzalary kabul etmeýär.
OPEN kurslar ähli gyzyklanýan gatnaşyjylar üçin açykdyr. OPEN maksatnama barada has giňişleýin maglumaty OPEN web sahypasynda tapyp bilersiňiz https://www.openenglishprograms.org/ .
Dalaşgärler öz hünärlerini ösdürmäge ygrarly we bilimlerini kärdeşleri bilen paýlaşmak isleýän ýokary höwesli mugallymlar, metodistler ýa-da bilim hünärmeni bolmaly. Hünärli dalaşgärler:
– gatnaşýan ýurduň raýaty bolmaly we okuw wagtynda şol ýerde ýaşamaly
– ABŞ-da goşa raýatlygy bolmaly däl
– Amerikan uniwersitetiniň derejesinde akademiki işleri ýerine ýetirmek ukybyna eýe bolmaly (CEFR takmynan B2)
– hepdede azyndan 8-10 sagat okuwa sarp etmeli
– internete girýän ygtybarly enjama yzygiderli girip bilmäge mümkinçilik bolmaly (hepdede 4-5 gezek)
– iňlis dilinde tehniki adalgalara düşünmeli
– esasy tehnologiki başarnyklara eýe bolmaly, esasanam, ulanyjy at we paroly döretmek, web sahypalaryny goramak üçin giriş şahsyýet maglumatlaryny ulanmak, e-poçta ulanmak, internetde maglumat gözlemek, elektron faýllara girmek we dolandyrmak (meselem, pdf, MS Word, Excel), faýl ýüklemek we ibermek ýaly başarnyklara eýe bolmaly.
– onlaýn diskussiýalara gatnaşmak we ýazuw işleri wagtynda tabşyrmak üçin iňlis dilinde ýazyp bilmek.
Arzany tabşyrmak üçin: https://docs.google.com/forms/d/1P_xzOeE2CpPpVvkQZDjqQilIyWxArJyyhhfx1lh1GwY/edit
Kurslar 10-njy ýanwardan 6-njy marta çenli geçer.
Soraglaryňyzy indiki salgy boýunça iberip bilersiňiz: ashgabatamericanenglishprogram@state.gov
Arza tabşyrmak üçin soňky möhlet: 4-nji noýabr 2022-nji ýyl.
Doly maglumat: https://exchanges.state.gov/non-us/program/OPEN-Program