11
Jan

Orta bilim işgärleri we administratorlar üçin ABŞ-ny öwreniş institutlary (SUSI) – 2026-njy ýyl

Orta bilim işgärleri we administratorlar üçin ABŞ-ny öwreniş institutlary (SUSI) – 2026-njy ýyl
Deadline 2026-01-12

Orta bilim işgärleri üçin ABŞ-ny öwreniş institutlary (SUSI) – bu daşary ýurtly orta mekdep mugallymlaryna we administratiw işgärlerine ABŞ-nyň jemgyýeti, medeniýeti, gymmatlyklary we institutlary baradaky düşnüjelerini çuňlaşdyrmaga mümkinçilik döredýän, okuw syýahatyndan ybarat bolýan intensiw akademiki programmadyr. Programmanyň maksady – okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmek we orta mekdeplerde hem-de beýleki bilim edaralarynda ABŞ baradaky sapaklaryň okadylyşynyň hilini ýokarlandyrmakdyr.

Mugallymlar we administratorlar üçin bäş hepdelik programma 2026-njy ýylyň tomsunda başlap, ABŞ-nyň dürli akademiki edaralarynda geçiriler (saglyk, howpsuzlyk we syýahat şertlerine baglylykda). Her institut dört hepdelik akademiki okuwy we ABŞ-nyň başga bir sebitine bir hepdelik integral okuw syýahatyny öz içine alýar.

Administratorlara şular degişlidir: mugallymçylyk boýunça hünärmenler (metodistler), okuw meýilnamalaryny düzüjiler, okuw kitaplarynyň awtorlary we Bilim ministrliginiň resmi wekilleri.

Artykmaçlyklary:

Programma ähli çykdajylary üpjün edýär:

  • Ýol çykdajylary;
  • Ýaşaýyş çykdajylary;
  • Kitaplar;
  • Gündelik we lukmançylyk ätiýaçlandyryş çykdajylary.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • Dalaşgärler tejribesiniň ortasynda bolan, 30–50 ýaş aralygyndaky hünärmenler bolmalydyr.
  • Olar orta mekdepleriň ÝA-DA okuwçylarynyň ýaşy takmynan 14–18 ýaş aralygynda bolan dil öwreniş merkezleriniň höwesli we tejribeli mugallymlary ýa-da administratorlary bolmalydyr.
  • Dalaşgärleriň azyndan bäş ýyllyk iş tejribesi bolmalydyr.
  • Dalaşgärleriň ABŞ-da tejribesi az bolmaly ýa-da asla bolmaly däldir.
  • Dalaşgärler iňlis dilini ýokary derejede bilýändigini görkezmelidir.
  • ABŞ-ny öwreniş ugry boýunça (ýa-da şol ugurdan bölegi bolan) okuw sapaklaryny ýa-da materiallaryny täzelemek ýa-da işläp düzmek; barjak institutynyň temasy boýunça täze sapaklary döretmek; ABŞ baradaky bar bolan sapaklary kämilleşdirmek we täzelemek; ýa-da programmanyň temasyna degişli ugurlar boýunça hünärmenler üçin ýöriteleşdirilen seminarlary geçirmek boýunça anyk meýilnamalary bolan dalaşgärlere artykmaçlyk berler.

Arzalary tabşyrmak:

Arzalary şu ýerden ýükläp alyp bilersiňiz:

Soňky möhlet: 12.01.2026

Arzalary şu salga ugratmaly: AshgabatEducation@state.gov

Giňişleýin maglumat: https://tm.usembassy.gov/study-of-the-united-states-institutes-susi-for-secondary-educators/