Prep4success Maksatnamasy Daşoguz, Lebap we Mary Welayatlarynda Arzalary Kabul Edip Başlady
Türkmenistandaky Amerikan Geňeşlikleri Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täzelenen Prep4Success maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalary kabul edýär. Maksatnama 14-18 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň ýaş raýatlary üçin açykdyr (12-nji synp okuwçylary maksatnamanyň bu tapgyryna gatnaşyp bilmeýärler). Okuw meýilnamasyna TOEFL synagyna taýýarlyk, akademiki okuw we ýazuw, çuňlaşdyrylan matematika hem-de hünär derejesini ýokarlandyrmak çäreleri girýär. Alty aýlyk maksatnama ýekşenbe günleri Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerindäki Amerikan burçlarynda geçiriler.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:
- Türkmenistanyň raýaty bolmaly;
- 14-18 ýaş aralygynda bolmaly (12-nji synp okuwçylary bu tapgyra gatnaşyp bilmeýärler);
- Mekdepde okuw ýetişgenligi gowy bolmaly;
- Iňlis dili derejesi: Orta/Ýokary (Intermediate/Advanced);
- Alty aýlyk maksatnama doly gatnaşmaga taýyn bolmaly.
Tabşyrylmaly resminamalar toplumy:
Ähli resminamalar hökman elektron görnüşde tabşyrylmalydyr:
- Prep4Success Student maksatnamasynyň doldurylan anketa-arzasy;
- Okuw bahalarynyň tabeli (soňky iki ýyl üçin);
- Iňlis dilinde ýazylan we gol çekilen bir sany akademiki hödürleýiş haty;
- Rezýume;
- Dogluş hakynda şahadatnamanyň ýa-da içerki pasportyň nusgasy.
Arzaňyzy 8-nji ýanwar sagat 17:00-a çenli degişli elektron poçta salgysyna ibermegiňizi haýyş edýäris:
– Lebap welaýaty – p4sturkmenabat@americancouncilstm.org
– Daşoguz welaýaty – p4sdashoguz@americancouncilstm.org
– Mary welaýaty – p4smary@americancouncilstm.org
Goşmaça maglumat üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz:
Lebap welaýaty: +993422 33771
Daşoguz welaýaty: +993322 24103
Mary welaýaty: +993522 47175