Talyplar we okuwçylar üçin TSL 2026 Halkara düzme bäsleşigi
Bäsleşige gatnaşmak bütin dünýä boýunça 7–18 ýaş aralygyndaky ähli okuwçylar üçin mugtdur. Dalaşgärler her gatnaşyjy başyna diňe BIR (1) iş tabşyrmak şerti bilen bäsleşige gatnaşyp bilerler.
TSL 2026 Halkara talyplar bäsleşiginiň çäginde ýaşlaryň DURNUKLY ÖSÜŞ MEDENIÝETI baradaky pikirlerine garalýar.
2026-njy ýylyň düzme temasy — “Durnukly ösüş medeniýeti” (Sustainability culture).
Mysal üçin:
- “Durnukly ösüş medeniýeti” (ýa-da onuň tersi) nähili görünýär?
- Durnukly medeni tejribeleriň kada öwrülen dünýäsini göz öňüne getirip bolýarmy?
- Häzirki medeni tejribelerimiz nähili üýtgemeli?
- Geçmişde ýa-da häzirki döwürde tejribesinden öwrenip boljak medeniýetleriň nusgalary barmy?
Bular tema çemeleşmegiň diňe birnäçe mysaly. Işleriň DURNUKLY ÖSÜŞ MEDENIÝETINE gönükdirilen bolmagy şerti bilen, islendik garaýyşlar kabul edilýär. Döredijilikli we özboluşly işler goldanylýar we dürli formatdaky işler kabul edilýär.
Ähli işler hasaba alnan Mugallym-guramaçy (Teacher Champion) tarapyndan TSL bäsleşik platformasy: https://trustforsustainableliving.submittable.com/submit arkaly tabşyrylmalydyr. Şonuň üçin tabşyrmak maksady bilen mugallymyň ýa-da ene-atanyň hasabynyň bolmagy zerurdyr.
Baýraklar:
- Her kategoriýadan iki finalçy Angliýada geçiriljek Talyplar çekişmesine (debatlara) mugt halkara syýahata çagyrylar.
- Iň gowy düzme ýazanlar sowgatlar bilen sylaglanar.
- Maksatnamanyň ähli gatnaşyjylaryna şahsy elektron şahadatnamalar (sertifikatlar) berler.
Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 1-nji mart, 2026 (Türkmenistan wagty bilen 04:59)
Goşmaça maglumat: https://trustforsustainableliving.org/take-part/international-schools-essay-competition-and-debate