TechGirls 2026 Maksatnamasy
TechGirls — ABŞ-da tomusda geçirilýän maksatnama bolup, 15–17 ýaş aralygyndaky gyzlaryň STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) ugurlarynda ýokary bilim we karýera gazanmak arzuwlaryny goldamak hem-de güýçlendirmek üçin gönükdürlendir. Maksatnama amaly öwreniş we başarnyklary ösdürmek boýunça sapaklary öz içine alýar.
TechGirls maksatnamasynyň esasy bölegi — ABŞ-da 23 günlük tejribe, 2026-njy ýylyň iýul aýynyň ortalaryndan awgust aýynyň başyna çenli geçirilýär. Virginia Tech bilen hyzmatdaşlykda gatnaşyjylar innowasion tehnologiýalar we STEM ugurlaryndaky bilim hem-de karýera mümkinçilikleri barada çuňňur öwreniş sapaklaryna gatnaşarlar.
Talaplar:
- Türkmenistanyň raýaty bolmaly we maksatnama döwründe Türkmenistanda ýaşamaly.
- 2008-nji ýylyň iýul aýynyň 12-i bilen 2011-nji ýylyň iýul aýynyň 11-i aralygynda doglan bolmaly.
- Okuwlarynda tehnologiýa, ylym, inženerçilik ýa-da matematika ýaly ugurlara gyzyklanma bildirmeli.
- Geljekde STEM, aýratyn-da tehnologiýa ugry boýunça ýokary bilim almak ýa-da karýera gurmakmaksadyny edinmeli.
- Orta-ýokary derejede iňlis dili başarnygyna eýe bolmaly.
- Ýetişenlik, uýgunlaşma we açyk pikirli bolmak aýratynlyklaryna eýe bolmaly.
- Maksatnama tamamlanandan soň jemgyýetçilik esasly bir taslama durmuşa geçirmäge ygrarly bolmaly.
Artykmaçlyklar:
- Wiza tölegi.
- Türkmenistandan ABŞ-a gidiş geliş awiabiletiň tölegi.
- Zerur bolan ýagdaýynda ýurtiçi (ABŞ içindäki) awiabiletiň tölegi.
- Maksatnama döwründe ýaşaýyş:
- Virginia Tech uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýynda, iki adamlyk otaglarda.
- Waşington şäherinde (DC), iki adamlyk myhmanhana otaglarynda.
- Iýmit: ertirlik, günortanlyk we agşamlyk.
- Maksatnama çäreleri üçin ýerli ulag üpjünçiligi.
- Legacy International tarapyndan guralan medeni çäreler.
- Tiz kömek saglyk ätiýaçlandyryşy maksatnama döwründe.
Arza tabşyrmak üçin:
Arzany şu salgydan tabşyryň:
👉 https://legacyintlleaders.org/Account/Login?branding=tg
🕓 Arzalaryň iň soňky tabşyryş senesi: 2025-nji ýylyň 4-nji dekabry
📎 Giňişleýin maglumat: https://techgirlsglobal.org/apply/eligibility-and-application-2/