USAID – Mugt telekeçilik okuwlary
USAID-iň Ýaşlary ösdürmek işjeňligi (YDA) taslamasy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Telekeçiler mekdebi” Jemgyýetçilik guramasy ýaş telekeçiligi ösdürmek maksatly programa gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edilýändigini yglan etdi.
Programanyň maksady – ýaş adamlara öz işini üstünlikli başlamak we ösdürmek üçin zerur bolan telekeçilik boýunça amaly bilim we başarnyklary bermekdir. Programa Türkmenistanda ýaş telekeçiligi ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.
Programa Aşgabatda we ähli welaýatlarda “Telekeçiler mekdebi” Jemgyýetçilik guramasynyň şahamçalarynyň üsti bilen durmuşa geçiriler.
Programanyň amala aşyrylyş döwri: 2025-nji ýylyň fewral aýyndan aprel aýyna çenli.
Programa telekeçilik işi bilen meşgullanmak isleýän, 18-28 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp biler.
Programa gatnaşmak üçin arza bermek üçin, şu salgyda ýerleşýän formany doldurmaly: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSf1G0MaRZ33ap0nYXxpiWYcXJgxdBCYqvz8YwjYhWS6uY5xjw/viewform
Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 30-njy ýanwar, 2025-nji ýyl, sagat 14:00-a çenli