20
Oct

Ylmy işgärler üçin “Amerikany öwreniş institutlary” 2025-nji ýyldaky maksatnamasy

Ylmy işgärler üçin “Amerikany öwreniş institutlary” 2025-nji ýyldaky maksatnamasy
Döwlet ABŞ
Dil iňlis
Deadline 2024-12-15

Ylmy işgärler üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy alymlyk derejesini bermeýän ýone güýçli depginli maksatnama bolup ýokary bilim gatlagynda işleýän tejribeli mugallymlara we ylmy işgärlere amerikan jemgyýetine, medeniýetine we gymmatlyklaryna, guramalaryna çuňňur göz ýetirmegini hödürleýär. Maksatnamanyň esasy maksady gatnaşyjylara ýokary okuw jaýlary we beýleki akademiki edaralary üçin okuw maksatnamalary işlenip düzülende ABŞ barada mowzuklary goşmak üçin maglumatlary we serişdeleri hödürlemekden ybarat bolup durýar. Dalaşgärler üçin ýatlatma: Bu, okuw usullary/tehnologiýalary ýa-da gözleg maksatnamasy däldir.

Bu bäş ýa-da alty hepdelik ylmy işgärler we ýokary bilim ulgamynda işleýän mugallymlar üçin maksatnama häzirki ýüze çykan saglyk, howpsyzlyk hem-de syýahat kynçylyklary baglylykda 2025-nji ýylyň maý aýynyň aýagyndan başlap, iýul aýynyň başynda tamamlanyp, ABŞ-da geçiriler. Okuwyň anyk seneleri biraz soňra belli ediler.

Alty maksatnamanyň her biri aşakdaky bir mowzuga gönükdiriler:

  1. Amerikan syýasaty we syýasy düşünjesi
  2. Häzirki zaman amerikan edebiýaty
  3. Žurnalistika we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri
  4. Amerikanyň medeniýeti, şahsylygy we jemgyýeti
  5. ABŞ-nyň ykdysadyýeti we durnukly ösüşi
  6. ABŞ-nyň daşary syýasaty

Artykmaçlyklary:

– Maksatnama ähli çykdajylary ýapýar;

– syýahat çykdajylary,

– ýaşaýyş çykdajylary,

– okuw kitaplary bilen bagly çykdajylary,

– hadysalar we lukmançylyk ätiýaçlandyryşy.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  1. Dalaşgärler öz ugrunda azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolan orta hünärli we 30-50 ýaş aralygynda bolmaly
  2. Dalaşgärler ýokary bilim ulgamynda ýa-da gözleg edaralarynda işleýän höwesjeň we iş tejribeli hünärmenler bolmaly
  3.  Dalaşgärleriň ABŞ-da ozal ýaşap we okap gazanan tejribesi az ýa-da ýok bolmaly
  4. Işleýän okuw jaýlarynda ýa-da edaralarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny öwrenşiň dürli taraplaryny okuw maksatnamasyna girizmegi meýilleşdirýän, Amerikada okan ýokary okuw jaýynyň ugry boýunça öz ýurdundaky ýokary okuw jaýynda täze kurslary açmagy niýet edinýänler, ABŞ barada ozal bar bolan sapaklaryň üstüni ýetirmegi meýilleşdirýänler we Amerikany öwreniş ugurlary boýunça ýörite seminarlary guramakçy bolýanlara aýratyn üns berler.
  5. Ähli dalaşgärler iňlis dilini suwara bilmeli – iňlis dilinde okamak bilen bagly bolan köp ýumuşlary ýerine ýetirmäge ukyply bolmaly, hem-de hemme seminarlara we maslahatlara doly we işjeň gatnaşmaly..

Programmalary şu ýerden ýükläp alyp bilersiňiz: MS Word formatynda: https://tm.usembassy.gov/wp-content/uploads/sites/124/SUSI-application.doc  ýa-da

Adobe PDF formatynda: https://tm.usembassy.gov/wp-content/uploads/sites/124/SUSI-application.pdf

Mowzuklaryň doly düşündirişini şu ýerde görüp bilersiňiz: https://tm.usembassy.gov/wp-content/uploads/sites/124/Full_description_of_institutes_Eng.pdf

Anketalary elektron poçta arkaly ugradyp ýa-da ýüzbe-ýüz getirip tabşyryp bilersiňiz.

Has giňişleýin maglumat üçin e-mail iberip bilersiňiz: AshgabatEducation@state.gov

Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 2024-nji ýylyň 15-nji dekabryna çenli

Has giňişleýin maglumat: https://tm.usembassy.gov/tuk/education-culture-tk/exchange-programs-tk/susi-scholars-educators-tk/