“Klas!” bütin-Russiýa onlaýn bäsleşigi 2024-2025
“Klas!” bäsleşigi 8-11-nji synp okuwçylary, şeýle hem öýde bilim alýan çagalar üçin öz döredijilik ukyplaryny görkezmek we rus hem-de dünýä edebiýatyna goşant goşmak mümkinçiligidir. Gatnaşyjylar “Nebesnyy tramvay” ýa-da “Chuvstvo Pobeditelya,” ýaly 9 gyzykly temalaryň birine 10 müň nyşana çenli original hekaýa ýazmaly. Işler rus dilinde ýazylyp, öň çap edilmedik bolmaly we etiki kadalara laýyk gelmeli (syýasy, dini temalar we gödek sözler bolmaly däl).
Nädip gatnaşyp bilersiňiz:
– Berlen temalaryň birine hekaýa ýazyň.
– Arzany dolduryp, işiňizi elektron görnüşde iberiň.
– Işlere bilermenleriň baha bermeginden soň, sebit ýeňijileri saýlanyp, halkara tapgyryna geçirilýär.
– Diňe 8-11-nji synp okuwçylary gatnaşyp biler.
Hödürlenýän Temalar:
“Nebesnyy tramvay ”
“Chuvstvo Pobeditelya”
“Predstav’ sebe dom”
“Kormilets utok”
“Na stene napisano”
“Sekret moego serdtsa”
“V poiskakh Zolotogo polyusa, ili Kurs na Zolotoy polyus”
“Ty mne verish’?”
“Mne podarili kabachok”
Hekaýany nirä ibermeli?
Gatnaşyjy arzany şu ýerden göçürip alyp bilersiňiz: https://disk.yandex.ru/d/ZECSgRXG2g8UxA
Şeýle hem, Bäsleşik Düzgünnamasyny we ýygy-ýygydan berilýän soraglary hökman okaň: http://konkurs-klass.ru/polozenie . Hekaýalar boşluklar bilen 10 müň nyşana çenli bolup, Times New Roman ýa-da Arial (12 ýa-da 14 kegl) şrifti bilen 1.5 setirara aralygy bilen resmileşdirilmeli. Hekaýanyň mazmuny bäsleşigiň 9 temasynyň birine laýyk gelmeli.
Bäsleşige gatnaşmaga hukugy bolan okuwçylar berlen temalaryň birine hekaýa ýazyp, ony doldurylan arza (Düzgünnamanyň 2-nji Goşundysy) bilen bilelikde Guramaçylyk komitetiniň elektron poçtasyna ibermeli: konkurs_klass@mail.ru
Ýadyňyzda bolsun, TEMA – siziň hekaýaňyzyň pikir esasydyr.
Eminler toparynyň hödürlenýän temalar barada aýdanlaryny okaň – “7-nji möwsümiň temalary 2024/2025.”
Resminamalary we anketa görnüşlerini şu ýerden göçürip alyp bolýar: https://disk.yandex.ru/d/ZECSgRXG2g8UxA
Tabşyrmak üçin soňky gün: 28-nji fewraly, 2025
Has giňişleýin: https://konkurs-klass.ru/polozenie