18
Mar

EnglishPalooza: 2025-nji ýylyň bahar maksatnamasy

EnglishPalooza: 2025-nji ýylyň bahar maksatnamasy
Deadline 2025-03-20

Türkmenistanyň 13-18 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary üçin iňlis dili başarnyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen EnglishPalooza maksatnamasyna arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz. Bu gyzykly we dinamiki maksatnama aýratyn orta we ýokary synp okuwçylary üçin işlenip düzülen bolup, bahar mekdep dynç alyş günlerinde iňlis dili başarnyklaryny kämilleşdirmek we STEM, biznes hem-de emeli intellekt temalary bilen içgin tanyşmak üçin şadyýan we interaktiw usuly hödürleýär.

Geçirilýän ýeri we seneleri:

  • Aşgabatdaky Amerikan merkezi: 24 – 28 mart
  • Daşoguz, Mary we Türkmenabatdaky Amerikan burçlary: 23 – 29 mart

Gatnaşyjylaryň toparlary:

  • 1-nji topar: 13-15 ýaş aralygyndaky, başlangyç derejeli we ýokary

Geçirilýän wagty: 14:00 – 16:00 (Aşgabat)

Geçirilýän wagty: 10:00 – 12:00 (Daşoguz, Mary we Türkmenabat)

  • 2-nji topar: 16-18 ýaş aralygyndaky, pre-intermediate derejeli we ýokary

Sapaklaryň wagty: 16:00 – 18:00 (Aşgabat)

Sapaklaryň wagty: 13:00 – 15:00 (Daşoguz, Mary we Türkmenabat)

Nämä garaşmaly: EnglishPalooza – bu iňlis dili boýunça amaly sapaklardan, rol oýunlaryndan, oýunlardan we interaktiw aragatnaşyk çärelerinden doly bir hepdelik maksatnamadyr. Bu möwsümde esasy üns STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika), biznes we emeli intellekt ýaly temalara berjekdir.

Arzany nädip tabşyrmaly: https://docs.google.com/forms/d/1chGJWOO2igQ1Uw_SWpTenwI1UeC-mSDqxntN5jjp-vc/viewform?edit_requested=true

Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 20 mart 2025

Soraglaryňyz bar bolsa, AmericanCenterAshgabat@state.gov salgy boýunça sorap bilersiňiz.