Orta mekdep okuwçylary üçin FLEX alyş-çalyş maksatnamasy
Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşi, orta mekdep okuwçylary üçin FLEX alyş-çalyş maksatnamasynyň synag meýilnamasyny yglan etmekden hoşal. Bu maksatnama ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirilýär. Soňky tapgyry geçenler, 2025-2026-njy okuw ýylynda bir amerikan maşgalasy bilen ýaşamaga we Amerikanyň orta mekdebinde okamaga mümkinçilik alarlar.
Aşakdaky talaplara laýyk gelýän ähli orta mekdep okuwçylary FLEX synagyna gatnaşyp bilerler:
– 2007-nji ýylyň 15-nji martyndan 2009-njy ýylyň 31-nji maýyna çenli doglan; harby gullugyny geçmäge talap edilýän uçurymlar bu maksatnama gatnaşyp bilmezler;
– Häzirki wagtda orta mekdepde okaýar we gowy akademiki bahalary bar;
– Mundan ozal iňlis dilini öwrendiňiz we hasaba alnanda iňlis dilini bilýärsiňiz;
– Soňky bäş ýylda ABŞ-da üç aýdan köp ýaşamadyňyz;
– Amerikan wizasyny almaga hukugyňyz bar;
– Türkmenistanyň raýatlary.
Synag meýilnamasy
Synag merkezi | Sene | Wagt | Mekdep |
Türkmenbaşy, Balkan welaýaty | Oktýabr 13, 2024 | 9:00 | 10-njy mekdep, Türkmenbaşy |
Daşoguz, Daşoguz welaýaty | Oktýabr 20, 2024 | 9:00 | 2-nji mekdep, Daşoguz |
Mary, Mary welaýaty | Oktýabr 27, 2024 | 9:00 | 19-njy mekdep, Mary |
Balkanabat, Balkan welaýaty | Noýabr 3, 2024 | 9:00 | 3-nji mekdep, Balkanabat |
Türkmenabat, Lebap welaýaty | Noýabr 10, 2024 | 9:00 | 2-nji mekdep, Türkmenabat |
Aşgabat and Ahal | Noýabr 17, 2024 | 9:00 | 20-nji mekdep, Aşgabat |
Bäsleşige gatnaşmak üçin siziň laýyk bolandygyňyz barada subutnama (asyl dogluş şahadatnamasy ýa-da pasport), täze surat (3×4 sm) we gara ruçka getirmegiňizi haýyş edýäris. Synaga gatnaşýan ähli okuwçylar mekdep formasyny geýmeli.
Has giňişleýin maglumat üçin Amerikan Geňeşlerine ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris: tel. (+99312) 36-90-16; (+99363) 50-20-36