Russiýanyň Sank-Peterburg Döwlet Uniwersitetiniň onlaýn mekdebi, 2025
Sankt-Peterburg Döwlet Uniwersitetiniň onlaýn mekdebi (uzakdan okatmak tehnologiýalaryny ulanýan umumy bilim maksatnamalary) – üýtgeşik bilim taslamasydyr. Dünýäniň ähli ýerindäki rus dilini bilýän okuwçylara SPbDU-nyň onlaýn mekdebinde mugt umumy bilim almak mümkinçiligi elýeterlidir. 6-8 we 10-njy synplara kabul edilmek üçin gyşky döwür: 2025-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan 15-nji ýanwary sagat 18:00-a çenli (Moskwa wagty).
Kabul ediş prosesi
- Goşulmak isleýänler Şahsy otagynda hasaba durmaly: https://cabinet.spbu.ru/
- Saýlanan maksatnama üçin kabul ediş barada arza ýazmaly
- Şahsy otag arkaly zerur resminamalaryň elektron-sanly nusgalaryny ibermeli:
* dalaşgäriň we ene-atasynyn (kanuny wekiliniň) şahsy goly bilen arza
* pasport (bar bolsa)
* dogluş hakynda şahadatnamasy (bar bolsa)
* Russiýa Federasiýasynyň raýatlary üçin – daşary ýurtda hemişelik ýaşaýşyny tassyklaýan resminama
* ene-atanyň (kanuny wekiliniň) pasporty
* dalaşgäriň suraty
* bilim hakynda resminama (Kabul ediş düzgünleriniň 2.8.11 punktuna seret)
* esasy umumy bilim maksatnamasyna girmek isleýänler üçin – häzirki bilim edarasyndan okuwçynyň alyp barýan netijeleri barada güwänamalaryň göçürmesi
* orta umumy bilim maksatnamalaryna girmek isleýänler üçin – esasy umumy bilimi üstünlikli tamamlandygyny tassyklaýan resminamanyň göçürmesi
- Giriş synaglaryna gatnaşmak
- Bäsleşik saýlawynyň netijelerini garaşmak
- Okamaga gyzyklanma bildirmek we şertnama baglaşmak
Dalaşgärler üçin düşündiriji wideo şu ýerden görüp bilersiňiz: https://vkvideo.ru/@spbu_abiturient/lives
Habarlaşmak üçin: Daşary ýurt raýatlaryny kabul etmek bölümi
Salgy: Russiýa, 199034, Sankt-Peterburg ş., Universitetskaya Naberežnaya, 13B
Tel.: +7 (812) 363‑66‑33
E-mail: pre-admission@spbu.ru
Iş wagty: duşenbeden anna çenli sagat 10:00-dan 18:00-a çenli
Resminamalary kabul etmek möhleti: 2025-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan 15-nji ýanwaryna çenli.
Has giňişleýin: https://abiturient.spbu.ru/programs/onlayn-shkola-spbgu/