07
Mar

Talyplar üçin açyk matematiki olimpiadasy

Talyplar üçin açyk matematiki olimpiadasy
Döwlet Türkmenistan
Dil iňlis, türkmen

2023-nji ýylyň aprel aýynyň 23-28-ne çenli, Türkmenistandaky Aşgabat şäherindäki Halkara Ynsanperwerlik we Ösüş Uniwersitetinde, talyplar üçin açyk matematiki olimpiadasy (OMOUS-2023) geçiriler.

Olimpiada matematika bilen gyzyklanýan uniwersitet talyplaryna gönükdirilendir.

Olimpiadanyň resmi dili türkmen we iňlis dilleridir.

Olimpiada şahsy we toparlaýyn ýaryşlar görnüşinde geçiriler.

– Aýry-aýry ýaryşlarda iki kategoriýa bolar: A we B. A kategoriýa – matematika we kompýuter ylymlary boýunça hünärmenler üçin niýetlenendir. B kategoriýa – beýleki hünärleriň talyplary üçin 6 mesele we olary çözmek üçin dört sagat (240 minut) berler.

– 4-den ybarat bolýan topar, hünärine garamazdan toparlaýyn Olimpiada gatnaşyp biler, bu ýerde toparlara 10 mesele we olary çözmek üçin iki sagat (120 minut) berler.

Gatnaşýan uniwersitetleriň her biri, olimpiada gatnaşjak birnäçe talyby hödürläp bilerler. Dalaşgärleriň sany çäkli däl. Jemleýji netijeler Olimpiadanyň ýapylyş dabarasynda resmi taýdan yglan ediler.

Olimpiadada haýsydyr bir meseläni doly çözen, ýöne baýrak almadyk talyba Hormat haty gowşurylar.

Deslapky meýilnama: https://drive.google.com/file/d/1n4AoTRLCdS3hnnxW_O9pS1dEuByVLVmv/view?usp=sharing

OMOUS-y guramagyň we alyp barmagyň tertibi:

– Dürli ugurlar boýunça bakalawr, hünärmen we magistr derejelerinde, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ähli ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar we hünärleri olimpiada gatnaşyp bilerler.

– Gatnaşan her bir talyp https://iuhd.edu.tm web sahypasy arkaly hasaba alynmalydyr.

Has giňişleýin maglumat: https://drive.google.com/file/d/1D2baP87qbKGr8N07K_XRPOTEi09mg_ZX/view

Habarlaşmak üçin:

Теl.: +993 12 39 85 28, +993 65 80 99 06,

e-mail: iuhdolympiads@gmail.com

 

Has giňişleýin: https://iuhd.edu.tm/competition/83