18
Jan

TechGirls 2026 Alyş-çalyş Programmasy

TechGirls 2026 Alyş-çalyş Programmasy
Döwlet ABŞ
Dil iňlis
Deadline 2026-01-20

TechGirls – bu ABŞ-da ýerleşýän, 15–17 ýaş aralygyndaky ýaş gyzlara amaly endikleri öwretmek arkaly STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) ugurlary boýunça ýokary bilim almaga we hünär öwrenmäge goldaw berýän hem-de mümkinçilik döredýän tomusky alyş-çalyş maksatnamasydyr.

TechGirls programmasynyň özeni 2025-nji ýylyň iýul aýynyň ortalarynda we awgust aýynyň başynda ABŞ-da geçiriljek 23 günlük tejribedir. Wirjiniýa Tehnologiýa Instituty (Virginia Tech) bilen hyzmatdaşlykda, gatnaşyjylar döwrebap tehnologiýalary, şeýle hem STEM ugurlaryndaky dürli bilim we hünär ýollaryny çuňňur öwrenmegi üpjün edýän interaktiw tehnologiýa lagerine gatnaşarlar.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • Alyş-çalyş döwründe Türkmenistanda ýaşaýan, Türkmenistanyň raýaty bolan gyz maşgala bolmaly.
  • 2008-nji ýylyň 12-nji iýulyndan 2011-nji ýylyň 11-nji iýuly aralygynda (şol seneler hem degişli) doglan bolmaly.
  • Okuw sapaklarynda tehnologiýa, ylym, inženerçilik we/ýa-da matematika bolan gyzyklanmasyny subut etmeli.
  • STEM, aýratyn-da tehnologiýa ugurlarynda ýokary bilim almaga we/ýa-da işlemäge isleg bildirmeli.
  • Iňlis dilini “Advanced Intermediate” (ýokary derejeli ortaça) derejesinde bilmeli.
  • Kämillik, çeýelik we açyk göwünlilik häsiýetlerini görkezmeli.
  • Öýlerine dolanyp gelenlerinden soň, jemgyýetçilik taslamasyny durmuşa geçirmäge borçlanmaly.

Artykmaçlyklar:

  • Halkara gatnaşyjylar üçin wiza tölegi.
  • Gatnaşyjynyň ýaşaýan ýurdundan ABŞ-a we yzyna halkara uçuş petekleri.
  • Gatnaşyjynyň ýaşaýan şäherinden (eger degişli bolsa) içerki uçuş petekleri.
  • Programma dowamynda ýaşaýyş jaýy:
    • Wirjiniýa Tehnologiýa Institutynda iki adamlyk umumy ýaşaýyş jaýy.
    • Waşington şäherinde (D.C.) myhmanhanada iki adamlyk otag.
  • Programma dowamynda naharlar:
    • Ertirlik, günortanlyk we agşamlyk nahary.
  • Toparlaýyn maksatnamalaýyn çäreler üçin ýerli ulag.
  • Legacy International tarapyndan gurnalan medeni çäreler.
  • Gyssagly saglyk ätiýaçlandyryşy.

Saýlap alyş tapgyry:

Ähli TechGirls gatnaşyjylary aşakdaky talaplara laýyklykda saýlanýar. Senagat ýolbaşçylaryndan we sebitleýin hünärmenlerden ybarat bolan garaşsyz saýlaw komitetleri arzalara seredýärler.

Halkara ýarym finalçylar üçin hemişelik ýaşaýan ýurdundaky/çägindäki ABŞ-nyň ilçihanasynyň işgärleri söhbetdeşlik geçirýärler. ABŞ-ly ýarym finalçylar üçin Legacy International söhbetdeşlik geçirýär.

Arza tabşyrmak üçin şu baglanyşyga giriň: https://techgirls.legacyintlleaders.org/Account/Enroll

Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 20-nji ýanwar, 2026

Giňişleýin maglumat: https://techgirlsglobal.org/apply/eligibility-and-application-2/