27
Oct

TechGirls 2026 Maksatnamasy

TechGirls 2026 Maksatnamasy
Döwlet ABŞ
Deadline 2025-12-04

TechGirls — ABŞ-da tomusda geçirilýän maksatnama bolup, 15–17 ýaş aralygyndaky gyzlaryň STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) ugurlarynda ýokary bilim we karýera gazanmak arzuwlaryny goldamak hem-de güýçlendirmek üçin gönükdürlendir. Maksatnama amaly öwreniş we başarnyklary ösdürmek boýunça sapaklary öz içine alýar.

TechGirls maksatnamasynyň esasy bölegi — ABŞ-da 23 günlük tejribe, 2026-njy ýylyň iýul aýynyň ortalaryndan awgust aýynyň başyna çenli geçirilýär. Virginia Tech bilen hyzmatdaşlykda gatnaşyjylar innowasion tehnologiýalar we STEM ugurlaryndaky bilim hem-de karýera mümkinçilikleri barada çuňňur öwreniş sapaklaryna gatnaşarlar.

Talaplar:

  • Türkmenistanyň raýaty bolmaly we maksatnama döwründe Türkmenistanda ýaşamaly.
  • 2008-nji ýylyň iýul aýynyň 12-i bilen 2011-nji ýylyň iýul aýynyň 11-i aralygynda doglan bolmaly.
  • Okuwlarynda tehnologiýa, ylym, inženerçilik ýa-da matematika ýaly ugurlara gyzyklanma bildirmeli.
  • Geljekde STEM, aýratyn-da tehnologiýa ugry boýunça ýokary bilim almak ýa-da karýera gurmakmaksadyny edinmeli.
  • Orta-ýokary derejede iňlis dili başarnygyna eýe bolmaly.
  • Ýetişenlik, uýgunlaşma we açyk pikirli bolmak aýratynlyklaryna eýe bolmaly.
  • Maksatnama tamamlanandan soň jemgyýetçilik esasly bir taslama durmuşa geçirmäge ygrarly bolmaly.

Artykmaçlyklar:

  •  Wiza tölegi.
  • Türkmenistandan ABŞ-a gidiş geliş awiabiletiň tölegi.
  • Zerur bolan ýagdaýynda ýurtiçi (ABŞ içindäki) awiabiletiň tölegi.
  • Maksatnama döwründe ýaşaýyş:
    • Virginia Tech uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýynda, iki adamlyk otaglarda.
    • Waşington şäherinde (DC), iki adamlyk myhmanhana otaglarynda.
  • Iýmit: ertirlik, günortanlyk we agşamlyk.
  • Maksatnama çäreleri üçin ýerli ulag üpjünçiligi.
  • Legacy International tarapyndan guralan medeni çäreler.
  • Tiz kömek saglyk ätiýaçlandyryşy maksatnama döwründe.

Arza tabşyrmak üçin:

Arzany şu salgydan tabşyryň:
👉 https://legacyintlleaders.org/Account/Login?branding=tg

🕓 Arzalaryň iň soňky tabşyryş senesi: 2025-nji ýylyň 4-nji dekabry

📎 Giňişleýin maglumat: https://techgirlsglobal.org/apply/eligibility-and-application-2/