TechGirls maksatnamasy
STEM bilen gyzyklanýan, 15-17 ýaş aralygyndaky ýaş liderleriň we kämilleşdirilişiň tarapdarlarynyň joşgunly jemgyýetine goşulmak isleýän ähli zenanlary TechGirls maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýarys!
Amerikan tehnologiýa bilermenleri bilen bilelikde başarnyklary ösdürmek arkaly ýaş zenanlary (15-17 ýaş aralygy) STEM ugurlarynda ýokary bilim we kär edinmäge höweslendirmek we güýçlendirmek üçin döredilen intensiw tomusky maksatnama gatnaşmak üçin ýüz tutuň! TechGirls, Wirjiniýa tehniki uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda 2024-nji ýylyň iýul-awgust aýlarynda geçiriljek 24 günlük alyş-çalyş maksatnamasydyr. Bu maksatnamanyň gatnaşyjylary interaktiw tehnologiýalar we kompýuter lagerine gatnaşarlar we soňra ABŞ-nyň şäherlerinden birine gidip (Ostin, Çikago, Sinsinati, Denwer, Detroýt ýa-da Sietl) jemgyýetçilik hyzmatlaryna, gysga möhletli tejribe we medeni çärelere gatnaşmak üçin tehnologiýa kärhanalaryna we ýolbaşçy merkezlerine baryp görerler. Şu maksatnama arkaly gatnaşyjylar aşakda sanawy getirilen ugurlardan taze hünärler bilen tanşarlar:
- Java,
- Web programmirleme,
- Raýat we daş-töweregi inženerlemek,
- Grafik dizaýn,
- Maglumat ylmy,
- Kiberhowpsuzlyk,
- Maşyn öwreniş,
- Molekulýar modellemek we informatika,
- Elektrotehnika / Mikroprosessorlar we
- Python programmirleme
Maksatnamanyň üç hepdelik tapgyryny tamamlanan we Türkmenistana gaýdyp gelenlerinden soňra, gatnaşyjylar öz okuw jaýlarynda 6 aýyň dowamynda iň bolmanda bir bilim taslamasyny geçirmäge we/ýa-da ýerli jemgyýetçilik guramalarynda meýletinçi hökmünde tejribe almaga mümkinçilikleri bolar.
TechGirls barada has giňişleýin maglumat bilen maksatnamanyň web sahypasynda tanşyp bilersiňiz https://techgirlsglobal.org/
Bu maksatnama Döwlet departamenti tarapyndan doly maliýeleşdirilýär şeýle hem içerki we halkara syýahat we wiza çykdajylaryny, syýahatdan öň ediljek harajatlary we maksatnamanyň ABŞ-daky çäreleri bilen baglanyşykly beýleki ähli çykdajylaryny öz içine alýar.
TechGirls maksatnamasynda gatnaşmak üçin gatnaşyjylar:
- maksatnama geçilirýän wagtynda Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty bolmaly
- alyş-çalyş maksatnamasy başlanda gatnaşyjylar 15-17 ýaş aralygynda bolmaly. Ýagny 2007-nji ýylyň 6-njy iyuldan 2009-njy ýylyň 6-njy iyuly aralygynda doglan bolmaly
- tehnologiýa, ylym, inžinerçilik we / ýa-da matematika bilen gyzyklanmany görkezmeli
- ýokary bilim we / ýa-da STEM, esasanam tehnologiýa pudagynda hünäri dowam etdirmegi meýilleşdirýändiklerini görkezmeli
- iňlis dilini pugta bilmeli
- zehinlik, çeýeligi we aç-açanlygy görkezmeli
- maksatnama tamamlanandan soň jemgyýetçilik taslamalary ýerine ýetirmäge taýýar bolmaly.
Üns beriň: Ozal ABŞ-a gitmedik ýa-da ABŞ-da çäkli wagtyň dowamynda tejribesi bolan gatnaşyjylara mümkinçilik (artykmaçlyk) beriler.
ABŞ-nyň Döwletiniň bilim we medeni meseleleri boýunça ministriginiň maksatnamalary arkaly soňky üç ýylyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gidip gelen bolsaňyz, TechGirls maksatnamasyna gatnaşyp bilmersiňiz.
TechGirls maksatnamasy dürli derejeli we başarnykly raýatlardan , şol sanda mümkinçilikleri çäklendirilen (maýyp) zenanlardan anketalary kabul edýär.
ABŞ-nyň Ilçihanasynyň ýa-da ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň işgärleriniň maşgala agzalary bu maksatnama gatnaşyp bilenoklar.
Anketalary şu görkezilen link boýunça tabşyryp bilersiňiz: https://legacyintlleaders.org/Account/Login?branding=tgArzany tabşyrmak üçin soňky gün: 8-nji dekabr, 2023 çenli
Doly maglumat: https://tm.usembassy.gov/tuk/education-culture-tk/exchange-programs-tk/techgirls-maksatnamasy/