“TechWomen” maksatnamasy 2023

“TechWomen” ─ bäş hepdelik, hünärmen zenanlar üçin halypaçylyk maksatnamasydyr. Bu maksatnama indiki ugurlar boýunça işleýändir:
• Ylym
• Tehnologiýa
• Inženerçilik
• Matematika (STEM).
“TechWomen” maksatnamasy hünärmenler üçin alyş-çalyş maksatnamasy bolmak bilen, ol dünýädäki aýal-gyzlaryň derejelerini mahabatlandyrmagy goldaýar we ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika (STEM) ugurlarynyň ösmegine ýardam edýär. Bu bolsa öz gezeginde aýal-gyzlara öz mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam edýär. Maksady ylym we tehnologiýa pudagynda hyzmatdaşlyk bolan bu ýokary depginde alnyp barylýan alyş-çalyş maksatnamasyna Afrika, Ýakyn Gündogar, Günorta we Merkezi Aziýa sebitleriniň 21 döwletinden bolan gatnaşyjylar 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ABŞ-a giderler. Dalaşgärler arzany dolduranlarynda alty ugurdan birini saýlap bilerler: maglumat tehnologiýasy, “ýaşyl tehnologiýa”, ylym, internet, biotehnologiýa ýa-da telekommunikasiýa.
Maksatnama Kaliforniýanyň Silikon jülgesinde ýolbaşçylyk, innowasiýa we döredijilikli pikirlenmek bilen bagly birnäçe seminarlar bilen başlar. Soňra gatnaşyjylar Silikon jülgesinde we San-Fransisko aýlag sebitinde ýerleşýän öňdebaryjy innowasiýa kompaniýalaryna we guramalaryna 15 günlük şahsy programmalary üçin gidip bilerler. Her gatnaşyjy halypalyk maksatnamasyny geçer we soňra toparlaýyn iş üçin öz ýurtlaryndan bolan beýleki gatnaşyjylara goşularlar. Toparlar tälimçiler bilen bilelikde belli bir meseläni çözmek üçin amaly meýilnamanyň üstinde işlärler. Şeýle hem, gatnaşyjylar Kaliforniýadaky jemgyýetçilik işlerine we medeni we dynç alyş çärelerine gatnaşyp bilerler. 2022-nji ýyl “TechWomen” maksatnamasy, Waşingtonda geçiriljek üç günlük maksatnama bilen tamamlanar, bu meýilnama Döwlet departamentine baryp görmegi we Döwlet departamentiniň işgärleri bilen bu maksatnamada gazanan üstünliklerini ara alyp maslahatlaşmagy öz içine alýar.
“TechWomen” maksatnamasy gatnaşýanlaryň saglygyna we howpsuzlygyna düýpli garaýar we maksatnamanyň howpsuz we üstünlikli geçirilmegi üçin ähli zerur bolan çäreleri görýär. Häzirki wagtda guramaçylar maksatnamany ähli gatnaşyjylaryň şahsy gatnaşmagynda “adaty” görnüşinde geçirmegi meýilleşdirýärler, ýöne sanitariýa düzgünlerine we kadalaryna baglylykda maksatnamanyň görnüşi üýtgemegi mümkin.
COVID-19 bilen bagly maksatnamanyň ýagdaýy barada iň soňky maglumatlary şu ýerden tapyp bilersiňiz: https://www.techwomen.org/program/techwomen-covid-19-program-information. Eger-de, dünýädäki ýagdaý maksatnamanyň adaty görnüşinde geçirilmegine ýol bermese, onda ol wirtual görnüşe öwrüler. 2020-2021-nji ýyl wirtual programmasynyň nähili geçirilendigini bilmek üçin, aşakdaky salgy boýunça geçmegiňizi haýyş edýäris: https://www.techwomen.org/category/2020-program.
Maksatnama bilen baglanyşykly ähli tölegler, ýagny wiza, gidip-geliş, maksatnamanyň ähli döwri üçin lukmançylyk ätiýaçlandyryşy we beýleki çykdaýjylary maksatnama öz üstüne alýar.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:
• Ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika (STEM) ugurlarynda azyndan iki ýyl iş tejribesi bolan zenan bolmaly. Tejribe işi we beýleki tölenmedik iş tejribesi hasaplanmaýar;
• Ýokary bilim (bakalawr ýa şonuň bilen deň derejeli diplom);
• Iňlis dilini suwara bilmek.
• Daşary ýurtly dalaşgärler bolmaly (ABŞ-nyň raýatlary däl).
• Immigrant wizasy bolmaly däl.
• Ýokarda sanalan TechWomen Maksatnamasy bilen baglanyşykly ugurlar bilen gyzyklanmaly.
Goşmaça maglumat: https://www.techwomen.org/participants/eligibility-and-application
TechWomen maksatnamasynda ileri tutulýan dalaşgärler
– Öz hünär ugurlarynda ösüp barýan lider hökmünde özüni görkezýän dalaşgärler.
– Ýurduna dolanmaga we bilimlerini we tejribelerini jemgyýetdäki gyzlar we aýallar bilen paýlaşmaga taýyn dalaşgärler.
– Mundan başga-da, ABŞ-da tejribesi bolmadyk aýallara artykmaçlyk berler.
– Telekeçilik ruhuny we innowasiýa ygrarlylygyny görkezýän aýallar.
Has giňişleýin öwrenmek we arzany tabşyrmak üçin web sahypa girmegiňizi haýyş edýäris: https://www.techwomen.org .
Arza bermek prosesi:
– TechWomen Maksatnamasyna arzany tabşyrmak üçin baglanyşyga (ssylka) eýeriň: https://www.techwomen.org/participants/eligibility-and-application .
– Hasaby dörediň/ registrasiýa ediň; tassyklamany e-mail bilen alyň.
– Forma gitmek üçin berlen baglanyşyga basyň (e-mail).
– Onlaýn formany dogry dolduryň we anketa tabşyrmagyň möhletinden öň tabşyryň.
– 2023-nji ýylyň aprelinde dalaşgärlere ýarym finala saýlanandyklary ýa-da saýlanmandygy barada habar berler.
– Saýlanan dalaşgärler bilen 2023-nji ýylyň aprelinde söhbetdeşlik üçin habarlaşarlar.
– Iň soňky karar 2023-nji ýylyň maý aýynyň 31-ne çenli yglan ediler.
Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 13 ýanwar, 2023 (22.00 Türkmenistanyň wagty bilen)
Doly maglumat üçin: https://tm.usembassy.gov/education-culture/exchange-programs/techwomen/