29
Jun

USAID Mary welaýatda «TechYouth Bootcamp» maksatnamasyny herekete geçirýär

USAID Mary welaýatda «TechYouth Bootcamp» maksatnamasyny herekete geçirýär
Deadline 2023-07-03

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy «Akylly hyzmat» hojalyk jemgyýetiniň okuw merkezi bilen bilelikde guraýan «TechYouth Bootcamp» maksatnamasy boýunça okuw kurslarynyň Mary şäherinde geçirilýändigini we oňa gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşiginiň başlanýandygy barada habar berýär.

«TechYouth Bootcamp» maksatnamasy ýaş IT hünärmenlerini taýýarlamaga gönükdirilendir we bootcamp formatda bolan ýüzbe-ýüz programmirleme intensiw kurslaryndan ybarat bolýar. Bu wagtyň dowamyda okyjylar programirleme barada çuňňur bilimi alarlar we gysga wagtda esasy ukyplary özleşdirerler.

Maksatnama boýunça okuw kurslary «Akylly hyzmat» ykdysady jemgyýetiniň okuw merkeziniň binasynda geçiriler: Mary ş. Aga Hanjaýew köçesi, 15-nji «A» jaýy.

Maksatnamanyň çäklerinde IT ulgamyna degişli bolan indiki ugurlar boýunça tölegsiz alty aýlyk kurslar guralar we geçiriler:

– IT ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek we dolandyrmak

– Grafiki dizaýny

Okuwlaryň dowamlylygy: 2023-nji ýylyň iýul aýyndan 2024-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli.

Bu maksatnama 18-25 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler.

Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 2023-nji ýylyň iýul aýynyň 3-ne sagat 13:00

Gatnaşmak üçin şu ýüz tutma anketasyny dolduryň: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSctMAMnmjf27p9CkUgmwdIOWgoNUtswhY8MUmN2dEtxqhUWKA/viewform?pli=1

 

Çeşme: https://turkmenportal.com/blog/63670/usaid-v-turkmenistane-zapuskaet-programmu-techyouth-bootcamp-v-maryiskom-velayate