10
Nov

ÝOKARY SYNP MEKDEP OKUWÇYLARY ÜÇIN ABŞ-DA BIR ÝYLLYK OKUW MAKSATNAMASY 2023-2024

ÝOKARY SYNP MEKDEP OKUWÇYLARY ÜÇIN ABŞ-DA BIR ÝYLLYK OKUW MAKSATNAMASY 2023-2024
Döwlet ABŞ
Dil iňlis
Deadline 2022-12-14

FLEX – bu bäsleşik esasynda geçirilýän, talyp hakyny berýän we ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirilýän maksatnama, guramaçylyk ýolbaşçylygyny bolsa,

 

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalarynyň Býurosy amala aşyrýar (ECA). Bäsleşigiň netijesinde ýeňiji mekdep okuwçylaryna maksatnama bir ýylyň dowamynda ABŞ-da kabul edýän meýletin maşgalada ýaşamak we amerikan orta mekdebinde okamak üçin talyp haky bilen üpjün edýär.

Maksatnamanyň maksady, ABŞ-nyň we beýleki döwletleriň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmekligi ösdürmek. FLEX maksatnamasy amerikanyň raýatlarynyň şeýle hem mekdepleriň goldawy bilen geçirilýär we olar berýän goldawlary üçin maliýe öwezini talap etmeýärler.

Maksatnamany kim gurnaýar?

Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşlikleri bäsleşigi, dalaşgärleriň saýlawyny, ugrukdyryjy maksatnamany geçirýärler we FLEX maksatnamasynyň gatnaşyjylaryny ABŞ-a uçuşyny gurnaýarlar. Başga-da dürli amerikan täjirçilik däl we hökümet edarasyna degişli bolmadyk edaralar hem FLEX maksatnamasynyň çäklerinde işleýärler. ABŞ-nyň hökümetiniň tabşyrygy boýunça, bu guramalar maksatnama gatnaşyjylary amerikan maşgalalaryna ýerleşdirýärler we maksatnamanyň bütin ýylynyň dowamynda çäreleri gurnaýarlar.

Talyp haky nämeler bilen üpjün edýär?

• Öýünden ABŞ-daky ýaşajak ýerine çenli tölegsiz gitmek we yzyna dolanyp gelmek;

• Okuwça jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmaga we gündelik ulanýan şahsy serişdelerini satyn almaga mümkinçilik berýän çykdaýjylaryň her aýdaky tölegi;

• Gatnaşyjyny bir ýylyň dowamynda saýlanylyp alnan, kabul edýän maşgala ýaşatmak;

• Amerikan orta mekdebine ýerleşdirmek;

• Maksatnamdan öňki we soňky taýýarlygy özünde jemleýän ugrukdyryjy okuwy gurnamak;

• ABŞ-da ýerli derejedäki çäreleri gurnamak;

• Lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy, ýöne bu ABŞ-a gelmezden öňki keselleriň bejergisini we stomatologiýa kömeginiň töleglerini tölemeýär.

FLEX maksatnamasyna kimler gatnaşyp bilýär?

Bäsleşige gatnaşmak isleýän orta mekdep okuwçylarynyň hemmesi aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:

• Doglan senesi 2005-nji ýylyň mart aýynyň 15-i bilen 2007-nji ýylyň maý aýynyň 31-i aralygynda bolmaly. Doly harby gullugy sebäpli 11-nji synp okuwçylary ýaryşa gatnaşyp bilmezler;

• Soňky 5 ýylda ABŞ-da 3 aýdan köp ýaşamadyk bolmaly;

• Iňlis dilini gowy bilmek;

• Bäsleşik wagtynda orta mekdepde okamaly we gowy akademiki ýetişgenligi bolmaly;

• ABŞ-nyň wiza talaplaryny kanagatlandyrmaly;

• Türkmenistanyň raýaty bolmaly.

Bäsleşigiň birinji tapgyryna gatnaşmak isleýänler, 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň 16-dan – dekabr aýynyň 14-ne çenli https://americancouncilstm.org/flex/ sahypasynda açyljak maksatnama arzany dolduryp, birinji tapgyra ýazylmalydyrlar.

Giriş möhleti:

1-nji tapgyr: 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň 16-dan – dekabr aýynyň 14-ne

2-nji tapgyr: 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 15-den 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň 9-na çenli

FLEX hakda has giňişleýin maglumat üçin habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:

E-mail: flex@americancouncilstm.org

Telefon: +993 (12) 36-90-16 / 36-90-21

Doly maglumat: https://americancouncilstm.org/flex/