27
Oct

«Türkmenistan» awiakompaniýasy uçarbeletleriň okuwyna dalaşgärleri kabul edýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy uçarbeletleriň okuwyna dalaşgärleri kabul edýär
Deadline 2025-11-05

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek bilen, dowamlylygy 6 aý möhleti bolan uçarbeletleriň ilki başlangyç okuwyna kabul edilşigi yglan edýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek bilen, dowamlylygy 6 aý möhleti bolan uçarbeletleriň ilki başlangyç okuwyna kabul edilşigi yglan edýär. Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Resminamalar görkezilen salgy boýunça kabul edilýär: Howa menzili, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312-37-85-50; +99312-37-85-41; +99365 -72-58-43

Dalaşgär üçin maglumat:

– Türkmenistan raýatlylygynyň bolmagy;
– Aşgabat şäherinde salgyda durmagy (Ahal welaýatynyň Akbugdaý, Gökdepe etraplaryna rugsat berilýär);
– ýaşy 27-den geçmedik gyzlar hem ýigitler;
– ýokary bilim baradaky resminamanyň bolmagy;
– boýunyň 165 sm-den pes bolmazlygy;
– türkmen we rus dillerini erkin bilmegi;
– Elementary derejeden pes bolmadyk derejede iňlis dil bilimi;
– beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar;
– mylaýym daş görnüş;
– düşnükli/aýdyň sözleýiş;
– alçaklyk;
– suwda ýüzmek ukyby;
– harby şahadatnamasynyň bolmagy (ýigitler Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenden soň);
– hyzmat ediş pudagynda işlemek islegi;

Zerur resminamalar:

  1. Pasport
    2. Diplom
    3. Işleýänler üçin zähmet depderçesi;
    4. Harby şahadatnama
    5. Soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama

Okuw söhbetdeşlikden we lukmançylyk toparynyň barlagyndan soň başlanýar.

Resminamalar 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 5-ne çenli kabul edilýär.

Doly maglumat: https://turkmenistanairlines.tm/tm/news/show/aktsionernoe-obschestvo-otkrytogo-tipa-aviakompaniya-turkmenistan-obyavlyaet-nabor-s-predvaritelnym-otborom-kandidatov-na-pervonachalnoe-obuchenie-bortprovodnikov-prodolzhitelnostyu-6-mesyatsev