Islenýän uniwersitete girmek ýa-da talyp hakyny gazanmak, her bir dalaşgäriň durmuşynda iň kyn tapgyrlardan biri bolup biler, esasanam bu tejribe ilkinji bolsa. Size 2022-nji ýylda ýokary okuw jaýyna girmäge kömek etjek käbir maslahatlary hödürleýäris.
- Saýlawyňyz bolar ýaly öňünden uniwersiteti, has gowusy birnäçe uniwersitetleri seçip alyň. Isleýän uniwersitetiňize girmek üçin gaty islegli bolsaňyzam, ätiýaçlyk bir çykalgaňyz bolsa päsgel bermez. Bahalaryňyza garamazdan okuwa girmek mümkinçiligiňizi ýokarlandyrmak üçin dürli giriş talaplary bolan birnäçe ýokary okuw jaýlaryna synanyşyp görüň.
- Saýlanan uniwersitetler barada bar bolan maglumatlary toplaň. Ilki bilen, saýlanan uniwersitetiň web sahypasynda maglumat gözläp bilersiňiz. Adatça okuw ugurlary, fakultatiw we zerur kurslar, şeýle hem okuwy gutarandan soň adaty kär ýollary barada maglumat tapyp bilersiňiz. Şeýle hem, sosial medialara ýüz tutmaly: talyplaryň köpüsi topar döredýärler, uniwersitet hakda maglumatlary paýlaşýarlar we hatda dalaşgärlere kömek edýärler.
- Hödürleýiş hatlary. Uniwersitet hödürleýiş hatyny talap edýän bolsa, kime ýazjakdygyňyzy kesgitläň. Sizi gowy tanaýan we zerur bolanda mysallar getirip biljek, güýçli taraplaryňyzy düşündirip biljek mugallymlary ýa-da beýleki hünärmenleri saýlaň.
- Dogry höweslendiriş hatyny ýazyň. Bu, näme üçin uniwersitete kabul edilmelidigiňizi, saýlanan ugur boýunça näme üçin okamak isleýändigiňizi we bu mowzuga höwesiňizi bildirmek üçin mundan ozal näme edendigiňizi beýan etmek üçin gowy mümkinçilikdir. Höweslendiriş haty esasynda saýlaw topary arza berijiniň şahsyýetine, maksatlaryna we artykmaçlyklaryna baha berip biler.
Nusgawy höweslendiriji hat üç bölekden ybaratdyr: giriş, esasy bölegi we netije. Girişi we netijäni ýazmaga aýratyn üns beriň, olar saýlaw toparynyň ýadynda galar we dogry täsir galdyrmaga kömek eder.
Höweslendiriş hatynyň üç böleginiň hemmesi anyk gurluşly bolmaly. Özüňiz, tejribäňiz (bar bolsa), haýsy başarnyklaryňyz, üstünlikleriňiz we şahsy häsiýetleriňiz barada, bu uniwersiteti näme üçin saýlandygyňyz, haýsy kär perspektiwalaryny göz öňünde tutýandygyňyz barada doly beýan ediň. Öňki tejribäňiz islenýän ugra laýyk gelmeýän bolsa, meýletin tejribäňizi, kurslaryňyzy ýa-da başga iş tejribäňizi bildirip bilersiňiz.
- Söhbetdeşlige taýýarlyk görüň. Söhbetdeşlik uniwersitet üçin sizi has gowy tanamaga mümkinçilikdir, Siz bolsa gyzyklandyrýan soraglary berip bilersiňiz. Uniwersitet, saýlanan ugur hakda okaň, sizi gyzyklandyrýan zady bellik ediň. Şeýle hem, höweslendiriş hatyny täzeden okaň we soraglara jogap bermäge taýyn boluň. Söhbetdeşlikde höwesiňizi görkezmek üçin soraglar taýýarlaň. Mümkin bolsa, bu hakda bilýän adamlar bilen söhbetdeşlik usullaryny öwreniň we praktika geçiň. Maksadyňyza ýetjekdigiňize ynanýarys!