Merkezi Ýewropa uniwersitetine arzaňyzy nädip tabşyrdyňyz? Bu uniwersitet barada nireden eşitdiňiz? Näme üçin hut şu uniwersitetde okamagy maksat edindiňiz?
– Men bu uniwersitet barada okan bir dostumdan öwrendim. Ol munuň Ýewropada halkara uniwersitetidigini aýdyp berdi, bilimi doly iňlis dilinde alyp boljakdygy we köp sanly talyp haklaryny hödürleýändigi barada maglumat berdi. Men bunuň bilen gyzyklandym we uniwersiteti, reýtingi, maksatnamalary we elýeterli talyp haklary barada öwrenip başladym. Netijede, bu uniwersiteti saýladym, sebäbi meniň ugrum, ýagny halkara gatnaşyklary bardy. Mugallymlar gaty oňat we tanymal alymlardy (bakalawr derejämi okaýarkam kitaplaryny okadym), şeýle hem uniwersitet doly talyp hakyny berýär, we bu meniň üçin möhümdi, sebäbi onsuz Ýewropada okamak mümkinçiligim bolmazdy. Arzamy tabşyranymda dogry karary alanymy düşündim, sebäbi CEU hakykatdanam halkara okuw jaýydyr, 100-den gowrak milletiň wekilleri bu ýerde ýaşaýarlar, häzir bolsa bütin dünýä boýunça dostlarym bar. Umuman aýdylanda, okuw gyzykly geçýär. Mundan başga-da, okuwy gutarandan soň iş / tejribe gözlemäge kömek edýän karýera goldaw bölümi hem bar. Okuwymy gutaranymda, arzuw edýän işimi tapmaga kömek etdiler.
Bu gaty gowy. Arza tabşyryş prosesi barada bize aýdyp bilersiňizmi? Okuwa girmek kyn boldumy?
– CEU-da bakalawr, magistr we doktorlyk derejeleri üçin arzalary noýabr aýynyň başynda kabul edip başlaýarlar we ýanwar aýynyň ahyryna çenli dowam edýär. Ýanwar aýynda, bellenen möhletiň öň ýany bilen arzany tabşyranym ýadymda. Ilki bilen, CEU portalynda registrasiýany geçdim we höweslendiriş haty, düzme we hödürleýiş hatlary bilen onlaýn arzamy doldurdym. Bu proses gaty kyn däldi, ýöne wagt talap edýär. Talyp haky üçin aýratyn resminamalary tabşyrmagyň zerurlygy ýokdy. Arzanyň soňunda, diňe doly maddy kömeginiň gerekdigini belledim, hatda maliýe ýagdaýym barada maglumaty soramadylar.
Arzaňyzda üstünlik gazanmaga näme kömek etdi diýip pikir edýärsiňiz?
– Halkara gatnaşyklary temasynda gowy höweslendiriji hat we düzme ýazanym gowy kömek etdi diýip pikir edýärin. Saýlan maksatnamam barada has giňişleýin maglumat almak üçin uniwersitetiň web sahypasyny gowy öwrendim, köp okadym we köp pikirlendim. Mundan başga, eýýam okaýan talyplar bilen maslahatlaşdym (uniwersitetde okaýan talyplar bilen habarlaşyp, olara sorag berip bilmegiňiz üçin ýörite bölüm bar). Bu maglumatlaryň hemmesi maňa gowy arzany taýýarlamaga we näme üçin hut şu uniwersitetde okamak isleýändigimi we geljekde maňa nähili kömek etjekdigini görkezmäge kömek etdi. Mundan başga-da, IELTS synagy boýunça ýokary bal alanym maňa goşmaça kömek etdi diýip pikir edýärin.
Şu wagt arzalaryny tabşyrmaga meýilleşdirýän dalaşgärlere näme maslahat berip bilersiňiz?
– Arzaňyzy birnäçe maksatnama tabşyrmagyňyzy maslahat berýärin. Arzaňyzy registrasiýa edeniňizde 30 ýewro tölemeli bolarsyňyz we şonuň bilen 3 dürli maksatnama / ugur boýunça arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz (hersi aýratyn arza, höweslendiriş haty we düzme talap edýär). Şonuň üçin birbada 2 ýa-da 3 programma tabşyrmagy maslahat bererin.
– Şeýle-de hem, talaplary gowy okamak üçin we resminamalaryňyzy nirä tabşyrýandygyňyzy bilmek üçin CEU maksatnamasynyň web sahypasyny https://www.ceu.edu/apply üns bilen öwrenmegi maslahat berýärin – bu okuwa näme sebäp bilen arzaňyzy tabşyrýandygyňyzy kesgitlemäge kömek eder.
– Mundan başga-da, magistratura derejesiniň bir ýyllyk däl-de iki ýyllyk maksatnamasyna tabşyrmagyňyza maslahat berýärin, sebäbi bu programma has ýeňil we az stresli geçýär.
– Ahyrynda, saýtda görkezilen CEU taýýarlyk materiallaryny ulanmagy maslahat berýärin, sebäbi ol ýerde rezýume formatyny, höweslendiriş hatyny ýazmak we bäsdeşlik bildirýän arzany ýazmak boýunça möhüm maslahatlary tapyp bilersiňiz. Bu materiallar arza tabşyryş prosesini hakykatdanam aňsatlaşdyrýar, sebäbi şeýlelik bilen uniwersitetiň haýsy talyby gözleýändigini kesgitläp bilersiňiz. Size üstünlik arzuw edýärin!