Uniwersitet durmuşy diňe okuw okamak we synaglary tabşyrmak däldir. Bu, akademiki çäklerden çykýan endikleri öwrenmek we olary ösdürmek üçin iň amatly pursat. Uniwersitet ýyllaryňyzy gyzykly we peýdaly etmek, şeýle hem rezýumeňizi gowulandyrmak üçin size aşakdaky maslahatlary hödürleýäris:
- Meýletinçilige ýazylmak. Meýletinlik, talyplara jemgyýete goşant goşmaga, duýgudaşlygy ösdürmäge we sosial meselelere düşünmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, täze adamlar bilen tanyşmaga, tejribe alyşmaga we minnetdarlyk hatlaryny almaga mümkinçilik alarsyňyz. Meýletin bolmak üçin nädip ýazylyp bilerin?
– Köplenç uniwersitetlerde belli çärelere meýletinçi toplamak baradaky bildirişleri görüp bilersiňiz.
– Haýyr-sahawat fondlarynda, telekeçilik däl guramalarda.
– Bosgunlara we migrantlara kömek berýän guramalarda.
– Şäheriňizdäki ýerli çäreler we festiwallar üçin ýazylyp bilersiňiz.
- Tejribe işini (stajirowkany) tamamlaň. Tejribe işi talyplara gyzyklanýan ugurlarynda tejribe toplamaga mümkinçilik berýär. Hünärmenler bilen işlemek, pudaga mahsus hünärleri öwrenmek we amaly bilim almak mümkinçiligini alarsyňyz. Tejribe geljekki işe barýan ýolda başlangyç nokat bolup biler we talyplara käri saýlamaga kömek edip biler. Tejribe tölegli we mugt bolup biler, ýöne tejribe geçmek üçin kabul edilen bolsaňyz, bu meselä garamazdan mümkin boldugyça tejribe işini geçmegi maslahat berýäris, sebäbi tejribe rezýumeňizi ep-esli gowulaşdyryp biler we kämahal tejribe geçýän ýeriňizde sizi işe kabul edip bilerler. Biz sahypamyzda tejribe mümkinçiliklerini ýerleşdirýäris, şonuň üçin sahypamyzy yzarlamagyňyzy maslahat berýäris. 😉
- Alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşmak. Daşary ýurtlarda alyş-çalyş maksatnamalarynda okamak, talyplaryň gözýetimini giňeldýär, täze medeniýetler bilen tanyşdyrýar we dünýä düşünjesini ösdürýär. Mundan başga-da, ýerli ilat bilen daşary ýurt dilinde gürleşip, ony has ýokarlandyryp bilersiňiz. Alyş-çalyş maksatnamalaryna nädip gatnaşmaly?
– Ilki bilen uniwersitetiňizde mümkinçilik gözläň. Uniwersitetiňiziň web sahypasyndaky maglumatlary üns bilen okaň we uniwersitetiňiziň talyplar hereket bölümine ýüz tutuň.
– Eger-de bu mümkin bolmasa, “bitarap” alyş-çalyş maksatnamalar bardyr. Mysal üçin, Global UGRAD, SUSI we beýlekiler alyş-çalyş maksatnamalar.
- Treninglara, forumlara we halkara ýaryşlaryna gatnaşyň.
Treninglar we forumlar şahsy ösüş, bilimi giňeltmek we käbir mowzuklarda çuňlaşdyrmak üçin örän peýdalydyr. Tejribe alyş-çalyşyny edip, aragatnaşyk endikleriňizi ösdürip we geljekde peýdaly bolup biljek hyzmatdaşlygyň gapysyny açyp biljek professional aragatnaşyklar ulgamyny gurup bilersiňiz.
Halkara ýaryşlar bilimleriňize we başarnyklaryňyza baha bermäge kömek eder. Elbetde, gatnaşyjylaryň hemmesi baýrakly bolup bilmez, ýöne şowly bolsaňyz, öz başarnyklaryňyzy özüňize we başgalara subut edip bilersiňiz.
- Daşary ýurt dillerini öwrenmek. Häzirki zaman dünýäsinde, mekdepde ýa-da işde bolsun, daşary ýurt dillerini bilmek möhümdir. Boş wagtyňyzda daşary ýurt dillerini öwreniň. Onlaýn kurslara ýazylyp bilersiňiz (okajak.com web sahypamyzda dürli dil kurslaryny tapyp bilersiňiz) we aragatnaşyk endikleriňizi ýokarlandyrmak üçin söhbetdeşlik klublaryna gatnaşyp bilersiňiz.
Şeýlelik bilen, ýokarda beýan edilen çäreleriň uniwersitet tejribesiniň aýrylmaz bir bölegidigini, talyplara şahsy ösüş, jemgyýetçilik baglanyşyklary we okuwyň daşyndaky başarnyklaryny ösdürmek üçin mümkinçilikler hödürleýändigini goşmak möhümdir. Bu makala göwnüňizden turandyr diýip umyt edýäris.
Teswirlerde haýsy maslahatlary durmuşyňyzda ulanýandygyňyzy we başga-da öz maslahatlaryňyzy ýazyp bilersiňiz.