ÝHHG akademiýasyna girmäge tejribäň nähili? Bu ýokary okuw jaýy barada kimden öwrendiň? Näme üçin hut şu uniwersiteti saýladyň?
Bişkekdäki ÝHHG akademiýasy barada birnäçe ýyl mundan ozal joramdan öwrendim. Ilkinji gezek şol ýyl arzamy tabşyrdym, ikinji tapgyra geçdim, ýöne girip bilmedim. Birnäçe ýyldan soň, gaýtadan synanyşyp gördüm we bu gezek meni kabul etdiler. Akademiýa girmek kararyna gelmegimiň möhüm sebäplerinden biri hem saýlan ugrum. Halkara gatnaşyklar boýunça bakalawr derejesini aldym, soňra bolsa ugrymy birneme baglanyşykly ugra üýtgetdim we birnäçe wagtdan şo ýerde ýene bir gezek okamak kararyna geldim, mundan başga-da, ÝHHG akademiýasy halkara gatnaşyklary ugry boýunça magistr derejesinde okuwa kabul edişini yglan etdiler, hem-de dogan sebitimde. Şeýle hem, okuwy alyp barýan professor topary meni özüne çekdi. Akademiýa işgärlerine uly üns berýär we kurslary sebitiň, esasanam Ýewropa uniwersitetlerinden gelen, öňdebaryjy we halkara hünärmenler okadýarlar. Akademiýadaky okuw prosesiniň möhüm bölekleriniň biri amaly ukyplary edinmekdir, okuwyň ahyrynda talyplar tejribe geçmeli, talyp tejribe ýerini saýlap biler ýa-da akademiýanyň öz guramalarynda ýer hödürleýän akademiýa hyzmatdaşlarynyň sanawyny ulanyp we arzalasyny tabşyryp biler.
Şeýle hem meniň üçin ÝHHG akademiýasynyň talyplarynyň çykdaýjylaryny doly ödemegi möhümdi, kabul edilenden soň okuw tölegi barada alada etmegiň zerurlygy ýok, şeýle hem ýaşamak üçin talyp hakyny alarsyňyz. Mundan başga-da, akademiýa lukmançylyk ätiýaçlandyryşy, wiza we transport çykdaýjylaryny hem ödeýär.
Giriş prosesi kyn boldumy? Siziň pikiriňizçe, arzany tabşyranyňyzda näme kömek etdi?
Giriş prosesi gaty amatly, Türkmenistanyň raýatlary uzakdan arzalaryny tabşyryp bilerler we soňra Skype platformasynda söhbetdeşlik geçip bilerler, iň bolmanda birnäçe ýyl ozal giriş şu prosesden ybaratdy.
Ilkinji gezek edil bellenilen möhletden ozal tabşyrdym, emma arzany doldyranymda we höweslendiriş hatymy ýazanymda ýeterlik güýç sarp etdim, ýöne söhbetdeşlige gaty gowy taýynlyk görmedim. Belki, özümiň ol ýerde näme üçin okamak isleýändigime doly düşünmedim, şeýlelik bilen ynamsyz bolanym üçin, kabul ediş toparyny hem ynandyryp bilmedim.
Höweslendiriş hatyňyzy ýazanyňyzda ýa-da eýýäm söhbetdeşlik geçirilende, uniwersitet hakda, tabşyrýan programmaňyz, kim sapak berýär we adatça haýsy dersler öwredilýär, şol uniwersitete tabşyrýanyňyzyň sebäbini pikirlenmek gaty möhümdir. Bu soraga ýönekeý uniwersiteti halaýaryn diýip jogap berip bilmersiňiz , ýagny bu uniwersiteti näme üçin halaýandygyňyzyň jikme-jik beýany bilen üpjün etmeli bolarsyňyz. Haýsy dersleri okamak isleýärsiňiz? Häzirki professorlar bilen gyzyklanýan häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak islärsiňiz? Haýsy temany öwrenmek islärdiňiz? Elbetde, uniwersitetden alyp boljak zatlaryňyzy däl-de, eýsem uniwersitete getirip biljek zatlaryňyzy hem suratlandyryň.
Ikinji gezek akademiýada okamak islegimiň sebäbini düşündirýän güýçli deliller berdim diýip düşünýärin. Bu delilleri ol ýerde okanymda, maksatlarymy amala aşyryp biljekdigimi güýçlendirdi diýip pikir edýärin.
Şu wagt bu uniwersitetde okamagy meýilleşdirýän dalaşgärlere näme maslahat bererdiňiz?
Ähli maglumatlary ulanyň. Uniwersitetiň web sahypasyny öwreniň. Sahypalarda köplenç “soraglar we jogaplar” sözbaşy bar, olara göz aýlaň, ýygy-ýygydan berilýän soraglary öwreniň, sebäbi sizde bar soraglara jogaplar döräp biler. Arzany dolduranyňyzda seresap boluň. Taýýar bolmak üçin ýeterlik wagt sarp ediň, uniwersitet hakda mümkin boldugyça öwreniň, delileriňiz barada pikirleniň we mümkinçilikleriňize ynamly boluň.