Hemmäňize salam! Bu gün Siz bilen, Awstriýadaky amaly ylymlar uniwersitetinde (FH Burgenland) mugt okuwa magistr programmasyna giren okyjylarymyzyň biriniň üstünlik hekaýasyny paýlaşmak isleýäris. Hekaýa ilkinji adamdan beýan edilýär.
“FH Burgenland, dürli ugurlar boýunça Awstriýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinden biridir. Bu uniwersitete resminamalary tabşyrmak öz-özünden boldy, sebäbi başda Awstriýanyň başga bir uniwersitetine girmegi meýilleşdirýärdim, emma ret edildim. Bu tejribe meni mümkinçilikleri gözlemäge ruhlandyrdy we şol wagtda FH Burgenlandyň we sahypasyna duşdym. Uniwersitetiň web sahypasyndaky ilkinji täsir oňyn boldy, sebäbi ol ýerde gyzyklanýan ähli soraglara jogap tapyp bolýardy. Käbir umumy maglumatlardan başga-da, kurslar, halkara alyş-çalyş we hatda geljek okuw ýylynyň tertibi barada öwrenmäge mümkinçilik bar. Men “Ýewropa gözlegleri – Ýewropa taslamalarynyň dolandyryşy” ugruny saýladym, sebäbi bu ugur bilen hakykatdanam gyzyklanýaryn. Meniň üçin uly artkmaçlyk, bu ugurdaky okuwyň iňlis dilinde bolmagy. Okuw doly mugt, ýöne okuwy gutarandan soň yzyna beriljek talyp tölegini tölenmeli. Şahsy çykdajylar we ýaşaýyş jaýynyň çykdajylary üçin talyp haklary berilmeýär, ýöne okuwyň dowamynda käbir ýagdaýlarda sosial goldaw üçin ýüz tutup bolýar.
Bellenen tabşyryş möhlede çenli bary-ýogy iki gün galdy we bu döwürde ähli zerur resminamalary ýygnamalydym. Meniň käbir resminamalarym (mysal üçin, CV) eýýäm taýýar bolandygyny göz öňünde tutmak möhümdir, şonuň üçin şahsy zerurlyklara üns bermek we uniwersitete tabşyrmak üçin öňünden taýýarlyk görmek has gowudyr.
Şeýlelik bilen, aşakdaky resminamalar talap edilýär:
– bakalawr derejesi (gutarmadyk bolsaňyz, okuwyň gutaran senesiniň belligi bilen şahadatnama);
– orta bilim şahadatnamasy;
– baha tabeli;
– Iňlis dilini C1 derejesinde bilýändigiňizi tassyklamak (men, IELTS şahadatnamasyny tabşyrdym);
– höweslendiriş haty (islege görä). Okuwa girmek mümkinçiligiňizi artdyrmak üçin ýazmagyňyzy maslahat berýärin.
– CV;
– esasy resminamalar (pasport, surat).
Ähli resminamalar sahypadaky görkezmelere eýerip açylyp bilinjek şahsy hasabyňyza ýüklenmeli.
Mundan başga-da, bellenilen poçta arkaly siz bilen habarlaşarlar, şonuň üçin ony barlamagy ýatdan çykarmaň.
Indiki ädim söhbetdeşlikdir. Bu ädim, 20-30 minut dowam edýän we üç bölekden ybarat bolan söhbetdeşlik görnüşindäki synag hökmünde seredilip bilner:
- mundan ozalky bilim, tejribe, goşmaça kwalifikasiýa, bu ugur boýunça näme sebäp bilen okamak isleýärsiňiz we dalaşgäriň möhüm hasaplaýan beýleki meseleleri barada bäş minutlyk prezentasiýa.
- Ýewropa Bileleşigi barada belli mowzukda gözleg geçirip bäş minutlyk prezentasiýa taýýarlamaly.
- prezentasiýa üçin saýlanan mowzuga ünsi jemläp Ýewropa Bileleşigi barada umumy bilim.
Emin agzalaryň prezentasiýalary gözden geçirmek üçin, olary söhbetdeşlikden iki gün öň iberilmeli. Meniň söhbetdeşligimde prezentasiýanyň ikinji we üçünji bölümlerine geçmek kararyna geldiler. Belki, prezentasiýa we beýleki resminamalarda men hakda ýeterlik maglumat tapandyrlar, şonuň üçin beýleki dalaşgärlere höweslendiriş hatynda, CV-de we prezentasiýada özleri barada jikme-jik beýan etmek maslahat berýärin. Mundan başga-da, men uniwersitet we okuw barada üç sany sorag berdim. Men sorag bermegiň möhümdigini düşünýärin, sebäbi okuwa girmek islegiňizi we gyzyklanmagyňyzy şu görnüşde görkezip bilersiňiz. Söhbetdeşler size jogap bermäge hemişe taýýar.
Söhbetdeşlikden soň, adatça dalaşgärler soňky karara kän wagt garaşýarlar, ýöne bu ýagdaýda däl. Iiki sagatdan soň okuwa kabul edindigim barada teklip hat aldym we ony şatlyk bilen kabul etdim.”