-Garwardda bilim almak ýoluňyzy suratlandyryp bilersiňizmi? Garward ýaly abraýly okuw jaýynda ýokary bilim almaga näme itergi berdi?
Men elmydama ylym bilen meşgullanmagy haladym. Aşgabatdaky orta mekdepde okaýarkam biologiýany çuňňur öwrendim. 2015-2016-njy ýyllarda Future Leaders Exchange Program maksatnamasyna gatnaşdym we ABŞ-daky ylym bilen tanyşdym. Mundan soňra ylym bilen meşgullanmak isleýändigime düşündim. Kollejlere we uniwersitetlere arzalarymy tabşyryp başladym we doly okuw talyp haky bilen bir kiçi şäheriň uniwersitetine kabul edildim.
– Okuwa nädip we haçan arzaňyzy tabşyrdyňyz?
Okuw döwründe her tomus uly gözleg uniwersitetlerinde wagtymy geçirýärdim we ylymyň ähli görnüşleri barada bilim alýardym. Okuwy gutaranymdan soň, birnäçe ýyl öýken rak keseliniň üstünde işledim we ilkinji awtorlyk eden makalamy žurnalda çap etdim. PhD derejesine arzamy tabşyrdym we Garwarda kabul edilenim üçin gaty begendim.
– Garwardda okaýan wagtyňyz gözleg gyzyklanmalaryňyz üýtgedimi?
Aspiranturada üstünlik gazanmak üçin Garward uniwersitetiniň ähli serişdeleri bar. Mugallymlar, administrasiýa, talyplaram gaty mähirli we mylakatly. Ylmy çuňňur öwrenmegi dowam etdirmekde höweslenýärin we keselleri netijeli bejermek üçin tehnologiýalary ösdürmegi umyt edýärin.
Öz sahypamda ABŞ-da bilim hakda gymmatly maglumatlary paýlaşýaryn we ABŞ-daky talyp haklary we durmuş hakda has giňişleýin maglumat almak üçin sizi şol ýerde görmek isleýärin. Meni yzarlaň @jennetistan
– Bilim we karýera ugrunda geljekdäki meýilnamalaryňyz bilen paýlaşyp, şeýle hem Garwarddaky wagtyňyzyň muňa nädip taýýarlandygy barada aýdyp bilersiňizmi?
Garwardda okan döwrümde mümkin boldugyça okamagy we ylmy bilimlerimi berkitmegi, barlaglary geçirmegi öwrenmegi umyt edýärin, şeýle hem himiýa we inženerçilik ýaly beýleki dersara ugurlara sezewar bolaryn diýip umyt edýärin. Okuwy gutaranymdan soň (6 ýylda) ylymda işlemegi dowam etdirerin diýip umyt edýärin.
– Netijede, Garwardda ýa-da başga bir ýokary okuw mekdebinde okamak isleýän geljekki talyplar üçin maslahatyňyz barmy? Şeýle çylşyrymly akademiki gurşawda üstünlik gazanmak üçin haýsy häsiýetler ýa-da strategiýalar zerur diýip pikir edýärsiňiz?
Tejribämden, ýokary bilimde okamak isleýän talyplara karýeralarynda ir gözleg geçirip başlamagy maslahat berýärin. Okuw ugruňyza garamazdan gözleg örän möhümdir. Iň ýokary derejeli uniwersitetler gözleg işlerine gönükdirilendir, şonuň üçin sungat hünäri bolsaňyzam, sungat ylymlary hakda pikirlenmekden lezzet almagy we oňa gatnaşmaga synanyşyň.
Uniwersitetdäki ilkinji aýymda gözlegler hakda pikirlenip başladym, birinji kursdan soň tomusda doly iş gününe ylmy gözlege kabul edildim. Bu irki giriş hasaplanýar, ýöne käbirlerini has ir alýarlar. Şonuň üçin ylym we gözleg bilen meşgullanmak hiç wagt ir däldir.