– Siz nirede okuwyňyzy tamamladyňyz? Gözlegleriňiz üçin haýsy ugry saýladyňyz? Bu ugurda okamak üçin size näme ylham berdi?
Men Sankt-Peterburgdaky Ýokary Ykdysadyýet Mekdebinde okuwymy tamamladym. Men “Global we sebit taryhy” boýunça magistr derejesini saýladym. Taryhy öwrenmek meniň diňe çagalyk arzuwym diýip bilmerin, eýsem häzirki dünýäde taryhyň wajyp oruny tutýandygyna we biziň aňymyzda belli assosiasiýalary emele getirýändigine düşünýärdim.
– Uniwersitetiňiz barada maglumaty nädip tapdyňyz? Siziň talyp hakyňyz barmy? Eger bar bolsa, dolymy ýa-da bölekleýin?
Okajak sahypasy, meniň Ýokary Ykdysadyýet Mekdebi we bu okuw jaýynyň taryh boýunça gyzykly magistratura derejesini hödürleýändigi barada ilkinji öwrenen ýerim boldy. Hawa, maňa magistr derejesi üçin okuw töleglerini içine alýan Ýokary Ykdysadyýet Mekdebiniň Altyn talyphaky berildi. Kabul edilen talyplaryň ýaşaýyş, şol sanda ýaşaýyş jaýy tölegleri özleri tölemelidirler.
– Uniwersitete haçan we nädip arzaňyzy tabşyrdyňyz? Ýüz tutmak prosesi nähilidi? Haýsy resminamalar talap edildi? Resminamalaryňyzy nädip iberdiňiz? Synaglar boýunça talaplar barmy?
Iki esasy tapgyr bardy: portfolio kriterilerine laýyk gelmek we uniwersitetiň mugallymlary bilen söhbetdeşlik. Portfolio üçin ähli zerur resminamalary ýygnamaly we Şahsy kabinet arkaly arzany tabşyrmaly. Zerur resminamalar rezýume, ähli diplomlaryň skanirlenen nusgalaryny, höweslendiriş hatyny, iki maslahat hatyny we TOEFL ýa-da IELTS barlaglarynyň netijelerini öz içine alýar. Resminamalary iberenden soň, olar uniwersitet tarapyndan seredildi we soňra meni akademiki işgärler bilen söhbetdeşlige çagyrdylar.
– Geljekdäki akademiki we karýera maksatlaryňyz barada we uniwersitetde geçiren wagtyňyzyň size nädip taýýarlandygy barada aýdyp bilersiňizmi?
Mundan öňem belleýişim ýaly, taryh öwrenmek meniň çagalyk arzuwym bolupdy. Meni hemişe daşary ýurtlaryň janly suratlandyrmalary we olaryň belli bir döwürde nädip ösýändigi özüne çekýärdi. Magistratura döwrümdäki okuwymda, ynsanlyk taryhyny deňeşdirmeli ýagdaýdan ýagdaýa seljermelidigini öwrendim, sebäbi biz dünýämizi dürli görnüşde görýäris. Men hemişe taryhy öwrenmek isleýärdim, bu käbir manyda biziň häzirki dünýämize düşünmäge kömek edýär.
– Arza tabşyryş prosesinde we/ýa-da okuw döwründe haýsy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolduňyz we olary nädip ýeňip geçdiňiz?
Okuwa arzamy tabşyranymda hiç hili kynçylyk görmedim. Ähli görkezmeleri yzarlamaly we ähli zerur resminamalary öňünden ýygnamaly. Okuw kyn we gyzyklydy, emma bu şeýle bolmalydyr, eger kynçylyklar bolmasa, men belki hiç zat öwrenmezdim. Köp zähmet çekmek – kynçylyklary ýeňip geçmegiň ýoludyr.
– Ahyrynda, şol uniwersitetde okamak isleýän geljekki talyplara berýän maslahatyňyz ýa-da teklibiňiz barmy?
Men geljekki talyplar bilen Ýokary Ykdysadyýet Mekdebi barada öz gaty oňyn duýgularymy paýlaşmak isleýärin. Bu hakykatdan hem, ýokary hilli mugallymçylyk we okuwa üns berýän innowasiýon okuw jaýydyr. Talyplaryň “Global we sebit taryhy” magistr derejesine ýüz tutanlarynda taryhda ýa-da antropologiýada ýöriteleşme saýlamak mümkinçiligi hem bardyr. Mundan başga-da, Ýokary Ykdysadyýet Mekdebiniň sizi gyzyklandyryp biljek köp başga maksatnamalary bardyr, şonuň üçin bu uniwersitet tarapyndan hödürlenýän mümkinçilikleri öwrenmäge çekinmäň.