Köp hyjuwly talyplar üçin halkara tejribesini almak, tapawudy ýok, iş tejribesi (stajirovka) ýa-da meýletinçilik bolsun, üstünlikli karýeranyň ýolundaky iň möhüm ädimleriň biri hasaplanýar. Mundan başga-da, muňa meňzeş tejribeler dünýäniň dürli künjeklerinde talyp haklaryny (stipendiýalary) almakda ýa-da işe girmekde uly ähmiýete eýe bolýarlar.
Emma hakyky maksatnamalar bilen bir hatarda, ýaşlara gönükdirilen galp iş tejribesi we meýletinçilik taslamalarynyň sany hem gün-günden artýar. Bular diňe bir “şowsuz pursatlar” däl-de, eýsem puly, şahsy maglumatlary ogurlamak, käte bolsa talybyň geljekki mümkinçiliklerine zeper ýetirmek üçin döredilen çylşyrymly maliýe we migrasiýa hilegärlikleridir. Hilegärler ýaşlaryň uly maksatlaryndan we halkara býurokratik ulgamlaryndaky tejribesizliginden peýdalanýarlar.
Bu makalada biz şeýle hilegärlikleriň nähili işleýändigini, hakyky mysallary we goranmak üçin amaly maslahatlary gözden geçireris.
Hilegärler nähili işleýär?
Bilim we işe ýerleşdirme pudagyndaky galpçylar iki sany güýçli duýgudan peýdalanýarlar: hyjuw we gyssaglylyk. Olar ýaşlaryň abraýly ýokary okuw mekdebine girmek ýa-da iş bazarynda bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak üçin köplenç basyş edilýändiklerine gowy düşünýärler.
Adatça, hilegärler haýsydyr bir aýratynlyk we abraý baradaky galp düşünjäni döredýärler. Olar professional derejede gurnalan saýtlary, resmi ähenli dili ulanýarlar we käte meşhur uniwersitetler ýa-da halkara guramalary (meselem, BMG ýa-da belli transmilli korporasiýalar) bilen hyzmatdaşlyk edýändikleri barada ýalan maglumatlary ýaýradýarlar. Şeýle usullar barada has giňişleýin mundane ozalky makalamyzda okap bilersiňiz: “Bildirişiňizdäki aldawçylar: Instagram, TikTok we Telegram ulanyp, talyplary nädip aldaýarlar”.
Hilegärligiň iň köp duş gelýän görnüşleri
- “Tölegli işe ýerleşdirme shemalary” — bu iň köp duş gelýän duzaklaryň biridir. Talyplar bilen sosial ulgamlary (LinkedIn, Telegram ýa-da Instagram) arkaly habarlaşyp, belli bir töleg garşylygynda abraýly kompaniýada “kepillendirilen” iş tejribesini hödürleýärler.
- “Wiza kepilligi” berýän meýletinçilik shemalary — bu aldawlar gap-year (okuwa ara berilýän ýyl) ýa-da ynsanperwer taslamalaryny gözleýän, köplenç dili öwrenmek isleýän talyplara gönükdirilendir. Olar meýletinçiligiň deregine wiza syýasaty berk bolan ýurtlara (ABŞ, Kanada, Beýik Britaniýa) uzak möhletleýin okuw ýa-da iş wizalaryny almagyň aňsat ýoluny wada berýärler. Hilegärler ilçihanalar bilen “ýörite ylalaşyklarynyň” bardygyny öňe sürýärler.
Möhüm ýatlatma: Hiç bir hususy gurama wiza almagy kepillendirip bilmez. Bu diňe döwlet edaralarynyň (ilçihanalaryň we konsullyklaryň) ygtyýaryndadyr. Şeýle hyzmatlar üçin pul töleýän talyplar köplenç galp resminamalar alýarlar, bu bolsa wizadan ýüz öwrülmegine we migrasiýa ulgamynda ömürlik “gara sanawa” düşmäge sebäp bolýar.
- Öýden (aralykdan) işlemek bilen bagly aldawlar: Bu ýagdaýda hilegärler “ýöriteleşdirilen okuw” üçin pul tölemegi talap edýärler. Okuwy tamamlanlaryndan soň bolsa talyp ne iş, ne-de tejribe alyp bilýär. Meselem, “Remote QA Internship” (testçi talyplar üçin aralykdan iş tejribesi) diýen bildirişde sertifikat almak üçin kurs satyn almak talap edilýär, ýöne netijede hakykatda beýle iş tejribesi bolmaýar.
Amaly çözgütler we goranyş çäreleri
Özüňizi goramak üçin näme edip bilersiňiz?
- Guramany barlap görüň. Hiç wagt diňe işe alýan adamyň berýän maglumatyna bil baglamaň. Eger agentlik sizi Germaniýadaky “X kompaniýasyna” iberýändigini aýdýan bolsa, şol kompaniýanyň resmi saýtyny tapyň, olaryň HR bölümi bilen habarlaşyň we şol agentlik bilen hyzmatdaşlyk edýändiklerini anyklaň.
- Resmi sanawlardan peýdalanyň. Kanuny uniwersitetler elmydama öz ýurtlarynyň bilim ministrlikleriniň maglumat bazalarynda hasapda durýarlar. Resmi kompaniýalaryň bolsa işewürlik registrasiýasy bolýar. Eger bu haýyr-sahawat guramasy bolsa, ony degişli ýurduň haýyr-sahawat komissiýasynyň (Charity Commission) döwlet sanawyndan barlaň.
- Ynamdar çeşmeleri ulanyň. Professorlara, uniwersitetiň karýera merkezlerine ýa-da daşary ýurtda hakykatdan hem okan ýa-da işlän uçurumlar bilen habarlaşyň. Olar barlanan we ygtybarly maksatnamalary maslahat berip bilerler.
- Hakyky maksatnamalaryň bahasyny öwreniň. Guramaçylyk çykdajylaryny ýapmak üçin töleg talap edýän kanuny maksatnamalar hem bardyr. Emma şeýle guramalar maksimum derejede aýdyň (transparent) işleýärler we ähli çykdajylary öz resmi saýtlarynda görkezýärler.
Netijede, siziň halkara tejribesini almak islegiňiz gymmatly baýlykdyr. Ol hilegärleriň baýamagyna däl-de, siziň ösüşiňize hyzmat etmelidir. Sanly dünýä global mümkinçilikleri açýar, ýöne şol bir wagtyň özünde ýokary derejeli sowatlylygy we sagdyn şübhäni talap edýär. Aldaw mehanizmlerini tanamagy öwrenmek bilen, siz öz maliýe ýagdaýyňyzy we geljegiňizi gorap bilersiňiz.
Habardar boluň, seresaplygy elden bermäň we hemme zady barlap görüň.
Biz baradaky täzelikleri durmuş ulgamlarymyzda we okajak.com saýtymyzda yzarlaň.
Çeşme:
https://cyberpeace.org/resources/blogs/internship-scams-exposing-financial-frauds-targeting-students
https://www.internsinasia.com/blog/how-to-spot-fake-internships
https://au.prosple.com/applying/job-internship-scams-why-youre-at-risk-what-you-can-do
Biziň makalamyz:
Açyk talyp haklar: