- CS50: Oýunlaryň ösüşine giriş
Bu mugt, elýeterli okuw bilen, interaktiw 2D we 3D oýunlaryň nähili işläp düzülýändigini öwrenersiňiz we Super Mario Bros, Pokemon, Angry Birds we beýleki oýunlaryň dizaýnyny öwrenersiňiz. Modulyň soňuna çenli birnäçe oýun işläp döredersiňiz. Şahadatnamanyň bahasy 90 dollar. Dowamlylygy 12 hepde.
Has giňişleýin: http://www.edx.org/course/cs50s-introduction-to-game-development
- CS50: Python we JavaScript bilen web programmirleme
Bu okuw, “Flask”, “Django” we “Bootstrap” çarçuwalaryny ulanyp, Python, JavaScript we SQL-da web programmalaryny döretmegiň we durmuşa geçirmegiň usullaryny öwreder. Şahadatnamanyň bahasy 90 dollar. Dowamlylygy 12 hepde.
Has giňişleýin: https://www.edx.org/course/cs50s-web-programming-with-python-and-javascript
- CS50: React Native bilen ykjam telefonlar üçin programmalaryň döredilişi
Bu modulda, Java ýa-da Swift ulanman JavaScript bilen, platforma ýerli programmalary döretmäge mümkinçilik berýän meşhur “Facebook” çarçuwasy bolan “React Native” ulanyp, programmalaryň döredişi barada aýdyp bererler. Şahadatnamanyň bahasy 90 dollar. Dowamlylygy 13 hepde.
Has giňişleýin: https://www.edx.org/course/cs50s-mobile-app-development-with-react-native
4 . Gözleg üçin Python
Bu kursda Python 3 programmirlemegiň esaslary, gözleg programmalary üçin Python gurallary we olary nädip durmuşa geçirmelidigi barada öwrenersiňiz. Şahadatnamanyň bahasy 99 dollar. Dowamlylygy 12 hepde.
Has giňişleýin: https://www.edx.org/course/using-python-for-research-2
- CS50: Programmirleme we informatika esaslary
Garwardyň we dünýä boýunça iň meşhur esasy kurslaryndan biri hasaplanýar. Bu kursy “täze başlanlar” üçin we eýýäm programmirlemede tejribesi bolanlar geçip bilerlerz. Şahadatnamanyň bahasy 90 dollar. Dowamlylygy 10 hepde.
Has giňişleýin: https://www.edx.org/course/cs50s-introduction-computer-science-harvardx-cs50x
- Data Science: R esaslary
Bu kurs sizi R programmirlemegiň esaslary bilen tanyşdyrar, şeýle hem maglumatlary gaýtadan işlemegi, derňemegi we wizuallaşdyrmagy öwreder. Şahadatnamanyň bahasy 49 dollar. Dowamlylygy 8 hepde.
Has giňişleýin: https://www.edx.org/course/data-science-r-basics-2
- Data Science: Önümçilik üçin gurallar
Bu kurs, Unix / Linux-y faýl we ammar dolandyryş guraly hökmünde nädip ulanmalydygyny düşündirýär we GitHub hyzmaty we RStudio aýratynlyklary bilen tanyşdyrýar. Şahadatnamanyň bahasy 49 dollar. Dowamlylygy 8 hepde.
Has giňişleýin: https://www.edx.org/course/data-science-productivity-tools