Queensland uniwersiteti IELTS synagyna taýýarlyk görmek üçin mugt onlaýn kursyny hödürleýär. Mugt onlaýn kurs, IELTS akademiki synagyna taýýarlanmak üçin gowy mümkinçilikdir. Bu kurs doly taýýarlyk çeşmeleri bilen üpjün etmeýär, ýöne IELTS akademiki synagyna taýýarlyk görmek isleýän talyplar üçin peýdaly bolar.
Talyplar daşary ýurtda okamak hakda pikir edenlerinde, daşary ýurtly talyplar üçin talaplarda we kriteriýalarda ilkinji gözleýän zady IELTS balydyr. Angliýada, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Kanadada we beýleki köp sanly halkara uniwersitetlerine girmek isleýän her bir daşary ýurtly talyp IELTS synagyny (IELTS – International English Language Testing System) tabşyrýar. Bu synag, iňlis dili ene dili bolmadyk talyplaryň iňlis dili derejesine baha berýär; şeýle-de hem daşary ýurtda işlemäne niýetlenýän adamler hem, IELTS synagyndan belli bir bal almalydyrlar.
Artykmaçlyklary:
– Kurs mugt we onlaýn ýagdaýda geçirilýär.
– Kursy özbaşdak geçip bilersiňiz.
– IELTS akademiki synagy üçin strategiýalary we başarnyklary öwrenmek.
– Şahsy we hünär ösüşi.
– IELTS-a taýýarlyk kurslary we materiallary iňlis dilini okamak, ýazmak, diňlemek we gürlemek ýaly iňlis dilini ösdürmäge kömek eder.
IELTS synagy dört modula bölünýär:
- Okamak: Bu modul dalaşgäriň dürli tekstleri we soraglary goşmak bilen iňlis dilinde ýazuw diline düşünmek ukybyna baha berýär. Üç bölüme bölünýär, hersinde dürli görnüşli tekstler we soraglar bar.
- Ýazuw: Modul dalaşgäriň iňlis dilinde ýazmak ukybyna, düzme, hat ýaly ýazuw meselelerine baha berýär.
- Diňlemek: Modul dalaşgäriň iňlis dilinde gepleşige düşünmek ukybyna, şol sanda dürli öwüşginlere we söz görnüşlerine baha berýär. Dört bölüme bölünýär, olaryň hersi dürli diňlemek meselelerini öz içine alýar.
- Gürlemek: Bu modul dalaşgäriň iňlisçe gürlemek ukybyna, şol sanda gepleşik, diskussiýa we prezentasiýa ýaly dürli çykyş meselelerine baha berýär. Gürlemek synagy, tälim alan IELTS synagçysy tarapyndan şahsy dolandyrylýar.
Her modula aýratyn baha berilýär we umumy bal her modulyň ortaça bahasydyr.
IELTS akademiki synaga taýýarlyk kursyny geçmek üçin iki ugur tapyp bilersiňiz.
Kursa mugt girmek
– Kurs hemmeler üçin açykdyr.
– Jyns ýa-da millet boýunça hiç hili çäklendirmeler ýok.
– IELTS kursyny geçmek üçin ýaş tapawudy ýok.
– Diskussiýa forumlaryny we baha berilmeýän meseleleri goşmak bilen, baha berilmeýän çärelere wagtlaýyn giriş.
– Wideo we okuw üçin materiallaryna giriş.
– Giriş we progres 2023-nji ýylyň mart aýynyň 22-ne biter.
we
Şahadatnama almak (155 ýewro)
Arza bermek prosesi:
– IELTS kursy onlaýn geçýär. https://www.edx.org/course/ielts-academic-test-preparation#! basyň
– ” Enroll” opsiýasyna basyň we täze ulanyjy bolsaňyz hasaby açyň, ýa-da bar bolan hasaba giriň.
– MUGT okuw üçin ýazylyň we okuwa başlaň.
Çeşme: https://www.edx.org/course/ielts-academic-test-preparation#