MIT mugt onlaýn kurslar, dünýäniň dürli künjeginden gelen talyplar we okuwçylar üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Massaçusets tehnologiýa instituty Kembrijdäki dünýäniň iň ýokary gözleg uniwersitetleriniň biridir. MIT tehnologiýa we ylym arkaly häzirki zaman ösüşinde möhüm rol oýnady. Uniwersitet 2022-nji ýylda dünýädäki uniwersitet reýtinginde birinji orny eýeledi. MIT ýaşlaryň ösüşi üçin bilimi bilen paýlaşýar we käbir mugt onlaýn kurslary goşmak bilen dürli mümkinçilikleri hödürleýär.
Häzirki zaman çylşyrymly we bäsdeşlikli dünýäniň talaplaryna bilimlerini we başarnyklaryny ýokarlandyrmak üçin dürli kurslar hödürlenýär. MIT-iň mugt onlaýn kurslary dürli dersler we ugurlar boýunça hödürlenýär. Gysga onlaýn kurslar mugt, ýöne tassyklanan şahadatnamany almak isleseňiz, belli bir mukdarda töleg geçirmeli bolarsyňyz. Olaryň arasynda biologiýa, ylym we tehnologiýa, informatika, telekeçilik, fizika, maliýe we işewürlik we ş.m. mugt kurslar bar. Islendik ýaşda bolan we islendik ugry okaýan talyplar we okuwçylar mugt MIT kurslaryna ýazylyp bilýärler. Her kursyň dowamlygy üýtgeýär, şonuň üçin ýazylmazdan ozal kursyň jikme-jikliklerini gözden geçiriň.
Kurslar internet baglanyşygy bolan islendik adam üçin elýeterlidir we okuw meýilnamalary, wideo leksiýalary we wiktorinalar ýaly materiallary öz içine alýar. MIT kurslary okuw kredity üçin niýetlenen däldir we fakultetler bilen gatnaşygy ýokdur. Emma kurlar MIT-iň professorlaryndan bilim almaga we uniwersitet şäherçesindäki sapaklarda ulanylýan materiallar bilen okamaga ajaýyp mümkinçilik berýärler.
2023-2024-nji ýyllar üçin MIT onlaýn kurslarynyň sanawy:
– Üpjünçilik zynjyry
– Telekeçilik
– Biologiýa
– Elektronika
– Kiberhowpsuzlyk
– Maliýe
– Dolandyryş
– Ylym we tehnologiýa
– Akademiki ylymlar
– Aýdym-saz
– Informatika
– Programmirlemek
– Maşyn öwrenmek
– Statistika
– Matematiki usullar
– Maglumatlaryň derňewi
– Himiýa
– Biohimiýa
– Aerokosmiki inženerçilik
– Durnukly ösüş
– Ykdysadyýet
– Kwant mehanikasy
Giriş kriteriýalary:
– Mugt bilim almak we ajaýyp täze endikleri ösdürmek üçin mugt MIT kurslary dünýäniň ähli adamlary üçin açykdyr.
– Jyns, akademiki derejesi ýa-da ýaşy boýunça hiç hili çäklendirmeler ýok.
– Kurslara ýazylmak üçin internet birikmesi ýeterlidir.
– Talyplar başarnyklaryny ýokarlandyrmak ýa-da täze hünärleri ele almak bilen gyzyklanmalydyrlar.
MIT-den mugt onlaýn kurslaryň peýdalary:
– Talyplar ajaýyp tejribe alarlar we täze hünärleri ösdürip bilerler.
– Başarnyklary indiki derejä çykaryp bilerler.
– Okuw gutarandan soň tassyklanan şahadatnamany almaga mümkinçilikeri bolar.
– Hasaba alyş tölegi talap edilmeýär.
– Kurslar onlaýn ýagdaýda geçirilýär.
– Ýaş çäklendirmeleri ýokdur.
Çeşme: https://www.edx.org/school/mitx