Beýik Britaniýa, ABŞ, Kanada we beýleki ýurtlardaky uniwersitetlere okuwa girmek isleýän talyplar, uniwersitede girmek üçin IELTS (IELTS — Halkara iňlis dili synag ulgamy) synagyny tabşyrmalydyr. Bu synag iňlis dili ene dili bolmadyk adamlaryň ukybyny bahalandyrýar; hatda kimdir biri daşary ýurtda işe girmek islesede, olar IELTS synagyny tabşyrmaly bolýarlar. IELTS islendik iňlis dilinde gürleşilýän ýurtda ýokary bilim almak isleýän halkara talyplar üçin iň meşhur iňlis dili synagydyr, şonuň üçin talyplar hemişe mugt IELTS taýýarlyk kurslaryny gözleýärler.
Artykmaçlyklary:
- Hiç hili çykdajysyz, mugt ýazylmak.
- IELTS Akademiki (Academic) synagy üçin strategiýalary öwrenmek.
- Okamak (reading), ýazmak (writing), diňlemek (listening) we gürlemek (speaking) endiklerini kämilleşdirmek.
- Çeýe onlaýn okuw formaty.
IELTS Akademiki synagyna taýýarlyk kursy dört moduldan ybaratdyr:
- Diňlemek (Listening)
- Okamak (Reading)
- Ýazmak (Writing)
- Gürlemek (Speaking)
Bu modullaryň ählisi her bir bölümden üstünlikli geçmek we islenýän baly almak üçin size maslahatlary, tilsimleri, strategiýalary we tehnikalary hödürlär. Modullar mugt IELTS okamak materiallaryny, şeýle hem ýazmak materiallaryny öz içine alýar.
Dalaşgärlige bildirilýän talaplar:
- Hemme adamlar bu kursa ýazylyp bilerler.
- Dalaşgärde brauzeriň iň soňky wersiýasy bolmaly.
- Onlaýn taýýarlyk kursy doly mugt, ýöne tassyklanan şahadatnama (sertifikat) isleseňiz, töleg tölemelei bolarsyňyz.
- Dalaşgäriň güýçli internet birikmesi bolmaly.
- Öwrenmäge höwesi bolmaly.
- Islendik adam kursa ýazylyp biler.
Onlaýn ýazylmak: https://www.opportunitiescircle.com/ielts-academic-test-preparation-course/
Goşmaça maglumat: https://www.edx.org/learn/test-prep/the-university-of-queensland-ielts-academic-test-preparation