Edinburg uniwersiteti ýaşlara sanly marketing endiklerini ösdürmäge kömek etmek bilen onlaýn kurslaryny hödürleýär. Bu kurs sanly marketing strategiýalaryny we işiňizi ösdürmek üçin olary nähili ulanmalydygyny öwredýär. Mugt onlaýn kurs, mümkinçilikleri we töwekgelçilikleri kesgitlemäge hem kömek edýär. Sanly marketing kursy, kursa ýazylan günüňizden başlaýar; kursa hasaba alnandan soň derrew okuwa başlap bilersiňiz we öz işiňiz üçin strategiýany durmuşa geçirmegi öwrenip bilersiňiz.
Artykmaçlyklary:
– Sanly marketingiň ähmiýetine düşünmäge kömek eder.
– Sanly platformadaky üýtgeşmeler barada öwrenersiňiz.
– Mundan başga-da, döredijilikli we täsirli strategiýalary döredersiňiz.
– Sarp edijiniň şahsyýetini döretmegi we ulanmagy öwrenersiňiz.
– Bazar derňewini geçirersiňiz.
– Netijede, sanly marketing strategiýalaryny düzersiňiz.
– Islän wagtyňyz okap we şoňa görä indiki ädimlere geçip bilersiňiz.
– Kurslar mugt.
– Mundan başga-da, hasaba alynmak hem mugt.
Arza bermek prosesi:
– Hasaba alyş prosesi ýönekeý we onlaýn ýagdaýda amala aşyrylýar.
– Berlen web sahypada kursa ýazylyň.
– Hasaby bellige alyň ýa-da bar bolan hasabyňyza giriň.
– “Enroll” düwmesine basyň; mugt kurs görnüşini saýlaň.
– “verified track” kursy saýlamaň (bu tölegli kursdyr).
– Soňra “Start Course”opsiýasyna basyň we okuwa başlaň.
Bu kursa ýazylmak üçin möhlet ýok
Arzany tabşyrmak üçin: https://www.edx.org/course/digital-marketing-strategy