2025-2026 okuw ýylynda Russiýada daşary ýurtly talyplar üçin mugt okuw
Russiýanyň bilim ulgamy köp asyrlyk taryhy, nusgawy däp-dessurlar, güýçli ylmy binýady we ýokary derejeli kadrlary taýýarlamak bilen tanalýar. Köp ýyllyk tejribe häzirki zaman tehnologiýalary, amatly uniwersitet şäherçeleri we innowasiýa laboratoriýalary bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda daşary ýurtly dalaşgärler üçin rus uniwersitetinde ýokary bilim almak hiç haçan beýle aňsat bolmandyr: hem tölegli esasda, hem-de döwlet tarapyndan berilýän talyp haky bilen. Daşary ýurtly dalaşgärler üçin döwlet goldaw we uýgunlaşdyrma programmalary yzygiderli ösdürilýär. Her ýyl talyp haklary bölünip berilýär, täze maliýeleşdiriş görnüşleri, şol sanda halkara grantlary we täze talyp haklarr peýda bolýar.
Mugt bilim almak üçin nämeden başlamaly?
- Ilkinji ädim — Aşgabatdaky Rus öýi. Bu ýerde resminamalary kabul edýärler we giriş meseleleriniň hemmesi boýunça maslahat berýärler.
Giriş prosesi
- Programmany we 6 sany uniwersitete çenli saýlaň
- Onlaýn arzany dolduryň we resminama toplumyny goşuň
- Ýurduňyzda bäsleşik saýlawyndan geçiň
- Okamak we okuw wizasyny almak üçin çakylyk alyň
Ýokary okuw jaýyna girmek üçin arza web sahypasynyň şahsy kabinetiňizde resmileşdirilip bilner. Doldurmakdan öň bilim derejesini, okuw görnüşini, maliýeleşdiriş wariantyny takyk kesgitlemeli, şeýle hem okamaga taýýar bolan ýokary okuw jaýlarynyň sanawyny düzmek makul.
Arzaňyza aşakdakylary goşmaly:
- daşary ýurt pasportynyň asyl nusgasynyň skan-nusgasy (rus diline tassyklanan terjimesi)
- 11-nji synp üçin rus dilinde 2 çärýek üçin baha tabeli
- ýa-da Attestat
- Okuwçynyň rus dilinde häsiýetnamasy
- Doldurylan anketa;
- 3×4 surat.
- öz anketaňyzy göçürip almak üçin salgy. Ony göçürip alyp, çap edip, gol çekmeli. Soňra ähli sahypalary PDF formatynda skanirläň we şahsy kabinetine ýükläň.
Arzada okamaga taýýar bolan azyndan 6 sany ýokary okuw jaýyny ileri tutulýan tertipde sanap geçmeli. Moskwada 2-den köp uniwersitet bolmaly däl, Sankt-Peterburgda 2-den köp bolmaly däl we bir federal okrugda 3-den köp bolmaýan uniwersitet saýlamaga rugsat berilýär. Ähli resminamalaryň rus diline terjime edilmegi we notarius ýa-da konsul tarapyndan tassyklanmagy möhümdir. Belli bir ýokary okuw jaýyna giriş barada maglumat alansoň, zerur resminamalaryň sanawyny anyklaň, sebäbi goşmaça resminamalar talap edilip bilner.
Hökümet kwotasynyň çäginde döwlet maliýeleşdirmesi hasabyna girýänler üçin saýlawyň birinji tapgyrynda ýurda baglylykda Russotrugniçestwo ýa-da Russiýa Federasiýasynyň konsullyk edarasynyň wekilleriniň bilen söhbetdeşlikden geçmek, şeýle hem saýlaw synaglaryndan geçmek talap edilip bilner.
Hereketleriň tertibi aşakdakylardyr:
- Şahsy kabinetde söhbetdeşlikler we saýlaw synaglary barada maglumat alyň.
- Söhbetdeşlige ýa-da saýlaw synagyna ýazylmak (eger-de hasaba alynmak göz öňünde tutulan bolsa).
- Söhbetdeşlige ýa-da saýlaw synagyna hasaba alnanyňyzda görkezilen möhletde bu çärelere göz öňünde tutulan görnüşde gatnaşmagyňyz zerur.
- Synag we saýlaw synagyndan geçmegiň netijeleri boýunça ýurduňyzdaky kandidatlaryň arasynda reýtingdäki ýeriňizi kesgitleýän ballary alarsyňyz we saýlawyň ikinji tapgyryna geçmäge mümkinçilikleriňizi baha berip bilersiňiz.
- Şahsy kabinetde saýlawyň ikinji tapgyryna geçmek ýa-da Russiýada okamagy ret etmek barada maglumat alyň.
Ikinji tapgyr:
Saýlawyň ikinji tapgyrynda döwlet maliýeleşdirmesi hasabyna okamaga girýän kandidatlaryň arzalary, şeýle hem beýleki maliýeleşdiriş çeşmeleri hasabyna girýänleriň arzalary uniwersitetler tarapyndan seredilýär.
Russiýa gelmezinden öň dalaşgärder ähli zerur resminamalar taýýar bolmaly. Bu resminamalary bilim edarasyna gelseniňizde kabul ediş komissiýasyna berýärsiňiz.
Olaryň sanawy:
- okamaga kabul edilmek barada arza;
- şahsyýeti we raýatlygy tassyklaýan resminama + notarius tarapyndan tassyklanan terjime;
- alnan hünär (dereje), okan dersleriňiz we olar boýunça alnan bahalary görkezýän bilim baradaky resminama + notarius tarapyndan tassyklanan terjime;
- rus dilinde ýa-da notarius tarapyndan tassyklanan terjimesi bolan, AIW-infekciyasynyň ýokdugy we ýurtda okamagy boýunça garşy görkezmeleriň ýokdugy barada lukmançylyk şahadatnamasy;
- 3×4 surat;
Bellik: Resminamalary kanunylaşdyrmak (Türkmenistanda), bu resminam anyň hakyky bolmagyny tassyklaýan Russiýa Federasiýasynyň konsullygynda goýlan möhürdir.
Onlaýn arza tabşyryş: https://auth.education-in-russia.com/user/self/register?lang=ru
Has giňişleýin: https://education-in-russia.com/