24
Nov

2025-nji ýyl üçin Hytaýda HIT talyp haky maksatnamasy, doly maliýeleşdirilen magistratura we doktorantura

2025-nji ýyl üçin Hytaýda HIT talyp haky maksatnamasy, doly maliýeleşdirilen magistratura we doktorantura
Döwlet Hytaý
Talyp haky Doly
Dereje Magistr, Aspirantura
Deadline 2024-12-31

Hytaýdaky Harbin Institute of Technology 2024-2025 okuw ýyly üçin Hytaý talyp haky maksatnamasyna arzalary kabul edýär. Bu maksatnama öňdebaryjy akademiki netijeli daşary ýurtly talyplara niýetlenendir.

Kabul ederlik:

1. Dalaşgärler bedeni we ruhy taýdan sagdyn bolmaly.

2. Hytaý Halk Respublikasynyň raýaty bolmaly däl.

3. HHR-niň kanunlaryny we uniwersitetiň düzgünlerini berjaý etmeli.

4. Birnäçe talyp hakyny almaga rugsat berilmeýär.

Goşmaça talaplar:

5. Magistratura üçin – bakaławr derejesi we 35 ýaşdan uly bolmaly däl.

Doktorantura üçin – magistr derejesi we 40 ýaşdan uly bolmaly däl.

6. Dil bilmek derejesi barada şahadatnama

Talyp haky aşakdakylardan ybarat bolýar:

1. Okuw we ýaşaýyş jaýy

2. Saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy: 800 ýuan/ýyl

3. Aýlyk talyp haky (uniwersitete gelýänçä tölenmeýär):

Magistrlar üçin: 3000 ýuan/aý

Doktorantlar üçin: 3500 ýuan/aý

Okuw dowamlylygy:

1. Magistratura derejesiniň umumy dowamlylygy 3 ýyl, emma käbir mekdepler we hünärler boýunça tapawutlanýar:

• 2 ýyl: Dolandyryş mekdebi, Gurallaryň we inženerçilik ylymlary mekdebi

• 2.5 ýyl: Kompýuter fakulteti, Arhitektura mekdebi

2. Doktorantura umumy 4 ýyl.

Gerekli resminamalar:

Başga dillerde bolan resminamalar iňlis ýa-da hytaý dilinde tassyklanmaly.

1. Hytaý döwlet talyp haky üçin arza (http://studyinchina.csc.edu.cn/ )

2. Pasportyň ilkinji sahypasy

3. Ýokary bilim hakynda resminama (eger-de diplom berilmedik bolsa, diplomyň beriljek barada şahadatnama ýeterlik, emma asyl nusgasy hasaba alynanda berilmeli)

4. Akademiki bahalar (bakaławrdan başlap)

5. Dil bilimi barada şahadatnama

6. 1500 sözden az bolmadyk okuw meýilnamasy (HIT talaplaryna laýyklykda)

7. Iki sany professor ýa-da dosentden hödürleýiş hatlary

8. Daşary ýurtlular üçin lukmançylyk barlagy (6 aýyň içinde)

9. Arza töleginiň kwitansiýasy: 60 USD ýa-da 400 ýuan

10. Jenaýat etmedigi hakynda güwänama (6 aýdan köne bolmaly däl)

11. Kabul ediş haty (hökmany däl)

Arza tabşyryş tertibi:

Ädim 1: CSC onlaýn ulgamynda arzany doldurmaly (http://studyinchina.csc.edu.cn/ )

Ädim 2: 60 USD ýa-da 400 ýuan tölemeli

Bank maglumatlary:

Bank: Industrial and Commercial Bank of China, Harbin, Da Zhi Branch

Salgy: 318 East Dazhi Street, Harbin, People’s Republic of China

Alyjy: Harbin Institute of Technology

Hasap belgisi: 3500040109008900513

SWIFT/BIC: ICBKCNBJHLJ

Bellik: Töleg yzyna gaýtarylmaýar. Alipay ýa-da WeChat arkaly töleg mümkin bolmaýar.

Ädim 3: Ähli resminamalary StudyatHIT@hit.edu.cn ibermelii

Ädim 4: HIT-den tassyklaýyş e-mail almaly

Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 31-nji dekabr 2024

Habarlaşmak üçin:

Tel: +86-451-86418461

E-mail: StudyatHIT@hit.edu.cn

Has giňişleýin: https://studyathit.hit.edu.cn/18366/list.htm