ABŞ-da doly maliýeleşdirilen Knight Hennessy talyp haky maksatnamasy 2024-2025
Knight-Hennessy Fellows, Stenfordyň magistratura derejesiniň çäginde öz ugurlary barada çuňňur bilimleri ösdürýär we Knight-Hennessy Fellows (KHS) jemgyýetinde dürli dersleri we medeniýetleri öwrenmek arkaly bilimlerini giňeldýär. Talyplar, King Global Leadership Program (KGLP) maksatnamasyna gatnaşýarlar, we bu seminarlary, leksiýalary, taslamalary we liderlik ukyplaryny güýçlendirýän tejribeleri öz içine alýar. KGLP arkaly talyplar hyzmatdaşlyk edýärler we howanyň üýtgemegi, saglygy goraýyş, hökümet we syýasat, bilim ýaly dünýäde ýüze çykýan möhüm kynçylyklary we mümkinçilikleri çözmäge taýýarlanýarlar.
Hödürlenýän ugurlar:
– JD Program
– MA Program
– MBA Programs
– MD Program
– PhD Programs
– MS Programs
– DMA Programs
– MFA Programs
– MPP Programs
– JSM Programs
– MLS Programs
– LLM Programs
– Medical Scientist Training Program (MSTP)
Kabul ederlik:
– Islendik milleti, etniki degişliligi, jynsy ýa-da ýaşy bolan dalaşgärler ABŞ-da doly maliýeleşdirilen talyp hakyna arzalaryny tabşyryp bilerler.
– Talyplar kriteriýalara laýyk gelmelidirler we ýüz tutýan maksatnamasynyň talaplaryny ýerine ýetirmelidirler.
– Dalaşgärler KHS talyp haky maksatnamasyna girmek üçin Stenfordda doly okuw meýilnamasyna kabul edilmelidirler.
– Dalaşgärler magistratura girýän täze talyplar bolmaly.
– Mundan başga-da, bakalawr derejesini arzany tabşyrmazdan ozal alty ýylyň dowamlylygyndan köp bolmaly däl (2018-nji ýyldan gijä galman).
Knight-Hennessy (KHS) talyp hakynyň dalaşgärleri aşakdaky dört şertden iň bolmanda birine laýyk gelmelidir:
1. Iki programmany bir ýylda başlamak üçin aýratyn, ýöne şol bir wagtyň özünde KHS we Stenford programmalaryna arzany tabşyrmaly.
2. Olar eýýäm kabul edilmeli we Stenfordyň magistr programmasyna ýazylmagyny yza süýşürmeli. Iki programmany bir ýylda başlamak maksady bilen 2025-nji ýylda KHS maksatnamasyna ýüz tutarlar.
3. Shäzirki wagtda Stenfordda magistr derejesini okaýar we Stenfordda ikinji magistr derejesini almak isleýärler. Bir ýylda Knight-Hennessy Scholars (KHS) maksatnamasyny we täze maksatnamany başlarlar.
4. Olar Stenfordyň magistr deresiniň birinji ýylyň talyby we magistraturanyň ikinji ýylynda KHS programmasyny başlamak üçin KHS maksatnamasyna ýüz tutarlar.
KHS arzasynyň amaly talaplary:
– Dalaşgärler Knight Hennessy talyp hakyna we Stenfordyň magistr derejesine girmek üçin iki sany onlaýn arzany aýratyn tabşyrmaly.
– Onlaýn arza: https://apply.knight-hennessy.stanford.edu/apply/
– Rezýume
– Baha tabeli we synag netijeleri
– Hödürleýiş hatlary
– Gysga jogaplar we düzme
Gerekli resminamalar:
– Düzme
– Baha tabeli
– Wideo
– Bir sahypalyk rezýume
– Onlaýn arza
– Şahsy söhbetdeşlik
– Standartlaşdyrylan synaglaryň netijeleri
– Iki sany hödülreýiş haty
– Iki sany gysga jogap
Arza tabşyrmak üçin soňky gün:
– 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabryna çenli, Ýuwaş ummanyň wagty bilen sagat 13:00-a çenli
Has giňişleýin: https://knight-hennessy.stanford.edu/admission