ABŞ-da we Kanadada Margaret McNamara bilim granty
MMEG maksatnamasy ösýän ýurtlardan gelen aýal-gyzlara ýokary bilim almaklaryny goldaýar. Margaret McNamara bilim granty, diplomyny alandan soň, öz ýurtlaryna dolanmak we durmuş derejesini ýokarlandyrmak niýeti bilen ösýän ýurtlardan gelen aýallara berilýär.
Esasy talaplar:
Dalaşgärler aşakdaky kriteriýalara laýyk gelmelidir:
– arza tabşyrylanda azyndan 25 ýaşly aýallar bolmaly;
– MMEG-iň talaplaryna laýyk gelýän ýurtlaryň sanawyna giren bir ýurduň raýaty bolmaly (Trinity Washington University muňa girmeýär);
– arzany tabşyran wagtyňyz akkreditlenen okuw jaýyna ýazylan bolmaly (diňe kabul edilen däl-de);
– MMEG grantyny alandan soň bir doly okuw möwsümi boýunça (semestr) okuwa dowam etmegi meýilleşdirmeli;
– MMEG granty gowşurylandan soň okuwlaryny iki ýarym ýyldan gijä galman tamamlamagy meýilleşdirmeli;
– Bütindünýä banky toparynyň, Halkara Walýuta Gaznasynyň ýa-da Amerikanara Ösüş Bankynyň bir işgäriň, pensiýa çykan işgärleriň garyndaşy bolmaly däl ýa-da MMEG direktorlar geňeşiniň agzasy bilen baglanyşykly bolmaly däl.
Grant, maksatnama gatnaşmak bilen baglanyşykly ähli çykdajylaryny ödeýär.
ARZANY TABŞYRMAK ÜÇIN RESMINAMALARYŇ SANAWY
Aşakda görkezilen resminamalaryň ählisi arzany doldurmak üçin talap edilýär.
Eger-de ähli zerur resminamalary gerekli wagtda doly tabşyrylmasa, arza berijiniň awtomatiki usulda çykarylmagyna sebäp bolar.
Doly däl arzalara seredilmez.
MMEG üçin arzany doldurmaga başlamazdan ozal aşakdaky resminamalary skandan geçiriň (has gowusy pdf, jpeg ýa-da png formatda):
– Suratly şahsyýetnama (pasport):
• öz ýurduňyzyň daşynda okaýan bolsaňyz, surat we doglan senesi bolan milli pasport sahypasy ýa-da
• hökümet / uniwersitet tarapyndan berlen surat we doglan senesi bilen şahsyýetnama;
– Uniwersitetde resmi hasaba alnandygy barada soňky tassyklama (kabul ediş haty däl);
– Iň soňky baha tabeli;
– Wizaly sahypa ýa-da häzirki pasport bilen okamaga rugsady görkezýän sahypa (eger okuwy ýurduň daşynda okaýan bolsaňyz);
– Pasportyň ikinji suratly sahypasy (goşa raýatlyk bolan ýagdaýynda).
Bu resminamalary onlaýn arzadaky käbir tapdygrarynda ýüklenmeli. Şeýle-de hem aşakdakylary tabşyrarsyňyz:
– Özüňiz we okuwlaryňyz, tejribäňiz we geljekki meýilnamalaryňyz barada ösýän ýurtlardaky aýal-gyzlara we çagalara bolan ygrarlylygyňyzyň gysgaça beýany;
– Geljek okuw ýyly üçin ýaşaýyş çykdajylaryny, şol sanda ýaşaýyş çykdajylaryny we maliýeleşdirmegiň zerurlyklaryny ödemek üçin meýilleşdirilen strategiýalaryňyz;
– maksadyny, usulyýetini, netijelerini we karýeranyň maksatlaryna bolan gatnaşygy goşmak bilen, diplom işiňiziň gysgaça mazmuny.
Iki sany hödürleýiş haty tabşrmaly.
– Olaryň biri häzirki uniwersitetiňiziň professoryndan bolmaly. Ikinji salgylanma, şahsyýetiňizi tassyklap biljek adam (maşgala agzasy däl) bolup biler. Iň bolmanda biri sizi azyndan iki semestr üçin tanaýan bolmaly.
– Hödürleýiş hatyny islejek iki adam bilen habarlaşyň. Tassyklama alanyňyzdan soň, arzada hödürleýiş hatlaryny berýän iki adamyň e-mail salgylaryny görkezmegiňiz soralar. Olaryň her biri hödürleme ýazmak üçin Embark onlaýn platformasyna baglanyşygy bolan e-mail alarlar. Teklipleri tabşyrylanda, Embark-dan habar alarsyňyz.
Onlaýn arza: https://mmeg.embark.com/login/apply?target=2023
Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 15 ýanwar, 2023
Maksatnama barada doly maglumat: www.mmeg.org