12
May

Adam hukuklary we durnukly ösüş boýunça magistr derejesi üçin talyp haky (MAHRS) 2023/2024 okuw ýyly

Adam hukuklary we durnukly ösüş boýunça magistr derejesi üçin talyp haky (MAHRS)  2023/2024 okuw ýyly
Döwlet Gyrgyzystan
Talyp haky Doly
Okuw dili Iňlis
Ugur Adam hukuklary
Dereje Magistr
Deadline 2023-05-30

Adam hukuklary we durnukly ösüş boýunça magistr derejesi (MAHRS) täze ugur bolup, her ýyl bäsdeşlik esasynda bu okuwa 20-25 çenli talyplary kabul edýärler.

MAHRS maksatnamasy, adam hukuklary, döwlet dolandyryşy we Merkezi Aziýa sebitine gönükdirilen durnukly ösüş ýörelgeleri, kadalary we ülňüleri boýunça halkara hukugyny öwrenmek isleýän ýaş alymlar we hünärmenler üçin döredildi. Bu maksatnama Ýewropa Bileleşigi we Bişkekdäki ÝHHG akademiýasy tarapyndan maliýeleşdirilýär we Wenesiýadaky Global Adam Hukuklary uniwersitet şäherçesi bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär. Global uniwersitet şäherçesi, adam hukuklaryny öňe sürýän uniwersitetleriň iň uly ulgamydyr we dünýäniň dürli künjeklerinden 100-e golaý uniwersitetden ybaratdyr.

MAHRS halkara hukugyny, jemgyýetçilik ylymlaryny we ynsanperwer ylymlary birleşdirýän dersara magistr derejesiniň maksatnamasy hökmünde döredildi. Maksatnama, halkara guramalarynda, analitiki merkezlerinde we jemgyýetçilik guramalarynda öz işlerine degişli ünsi jemleýän talyplar üçin tejribeçiligi geçirer.

MAHRS 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 1-de durmuşa geçiriler we ilkinji nobatda Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen, ýagny bäş sany postsowet döwletleri: Gyrgyzystan, Gazagystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan, seýle-de hem  Owganystan we Mongoliýa bilen işleşer. Bu ýedi sany döwlet, ÝHHG akademiýasynyň bellenilen akademiýanyň bilim we gözleg işleriniň özenidir. MAHRS, Merkezi Aziýada adam hukuklarynyň ýörelgelerini we BMG-nyň we 2015-nji ýyldaky DÖM-iň (Durnukly ösüş maksatlaryň) adam hukuklarynyň düzgünlerinde beýan edilen kadalaryny öwrenmäge, ulanmaga, gözegçilikde saklamaga we durmuşa geçirmäge gönükdirilen Merkezi Aziýada adam hukuklary boýunça ilkinji magistr derejesiniň dersara maksatnamasydyr (2030 ýylda garaljak meseleler). Bu maksatnama ýaş alymlary we hünärmenleri, şeýle hem aspirantlary döwlet dolandyryşy, raýat jemgyýeti guramalary we halkara guramalary ugrunda işlemek we işjeň bolmak üçin taýýarlamagy we olaryň mümkünçiliklerini giňeltmegi maksat edinýär. Bişkekdäki ÝHHG-nyň akademiýasy 2002-nji ýylda Gyrgyzystanyň hökümeti we Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan döredilen jemgyýetçilik binýadydyr. ÝHHG-nyň akademiýasy magistratura ýa-da aspirantura, hünär taýýarlygy, gözleg we intellektual alyş-çalyş arkaly ÝHHG-nyň ýörelgelerini we gymmatlyklaryny wagyz edýär.

Maksatnama 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 1-den başlaýar (giriş leksiýalary 4-nji we 5-nji sentýabrda geçirilýär) we 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 28-de tamamlanýar. Magistr derejesi gündelik okuw hökmünde gurnalýar we talyplardan Bişkege göçmegi we Bişkekde ýaşamagy talap edýär.

Dalaşgärler üçin talaplar:

Maksatnama, aşakdaky kriteriýalara laýyk gelýän ähli gyzyklanýan dalaşgärler üçin açykdyr:

  • Merkezi Aziýa, Owganystan we Mongoliýa ýa-da ÝHHG-a gatnaşýan ýurtlaryň biriniň raýaty
  • Jemgyýetçilik ylymlary, ynsanperwer ylymlar, ykdysadyýet, hukuk, dil, sosiologiýa, halkara gatnaşyklary, syýasat ylymlary ýa-da edebiýat ýa-da şuňa meňzeş ugurlar boýunça bakalawr derejesi ýa-da şoňa meňzeş uniwersitet derejesi. Dalaşgäriň diplomy ýok bolsa, okuw jaýyndan diplomyň almagyň takmynan senesini bildirýän resminamany we baha tabeliniň kepilnamasyny tabşyrmaly
  • Iňlis dilini erkin bilmeli
  • Merkezi Aziýada adam hukuklary, durnuklylyk we demokratiýalaşdyrmak ugrunda hünärmen we / ýa-da gözleg derejesinde gyzyklanmak

Maliýe goldawy / stipendiýa:

– Mugt bilim

– Aýda 450 ýewro stipendiýa (18 aýyň dowamynda)

– Bişkege gidiş we gaýdyş ýol tölegleriň ödenmesi (ekonom klas)

– Lukmançylyk ätiýaçlandyryşy (Gyrgyzystanyň raýatlaryndan başgalar üçin)

– Iň ýokary ortaça bahaly talyplary üçin Ýewropada tejribeçilik mümkinçilikleri

ARZANY TABŞYRMAK ÜÇIN INDIKI ONLAÝN FORMANY DOLDURMAGYŇYZY HAÝYŞ EDÝÄRIS: https://docs.google.com/forms/d/1a7oha1mohhIazE1zh8uh-gyBZiKAAgGKklSNqJlzLkY/viewform?edit_requested=true

Bellik: Geljekki synaglar we söhbetdeşlikler üçin diňe üstünlikli dalaşgärler bilen habarlaşarlar!

Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 30-njy maý, 2023.

Has giňişleýin: https://osce-academy.net/en/seminars/full/280.html