CNPC kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy Hytaýyň nebit uniwersitetine okuwa kabul etmek üçin resminamalary ýygnamaga başlady
Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň (CNPC International LTD) Türkmenistandaky şahamçasy Pekindäki Hytaýyň nebit uniwersitetinde ýokary bilim almak isleýän ýurdumyzyň raýatlaryndan resminamalaryň kabul edilýändigini mälim etdi.
Okuw alty hünär boýunça alnyp barlar: nebit-gaz inženerligi, nebit we gazy daşamak hem-de saklamak, geologiýa we kän gözleg işleri, nebit-gaz känlerini işläp taýýarlamak we işletmek, himiýa inženerligi we tehnologiýasy, şeýle hem mehaniki taslamalaşdyrma we awtomatizirleme.
Kabul edişlige gatnaşmaga ýaşy 25-den uly bolmadyk, okuw görkezijileri gowy bolan we iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary çagyrylýar. Kabul edişlik iki tapgyrda geçiriler: matematika, himiýa we fizika boýunça synag hem-de iňlis dilinde söhbetdeşlik bolar.
Resminamalaryň kabul edilişi 2026-njy ýylyň 16–31-nji mart aralygynda iş günleri sagat 9:30-dan 17:00-a çenli CNPC-niň Aşgabatdaky şahamçasynyň edarasynda geçirilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312 44-51-01, +99312 44-50-65, +99312 44-54-75.
Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 31-nji mart, 2026
Çeşme: https://turkmenhemrasy.gov.tm/en/news/1839