19
Sep

DAAD ttalyp haky boýunça magistr derejesi

DAAD ttalyp haky boýunça magistr derejesi
Döwlet Germaniýa
Talyp haky Doly
Okuw dili Iňlis, Nemes
Synag talaplary TOEFL/IELTS
Dereje Magistr
Deadline 2022-10-28

Bu talyp haky maksatnamasy, magistr derejesini okap Germaniýada akademiki bilimiňizi dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.

Kabul ederlik

Talyp hakynyň başlamagyndan ozal birinji derejäňizi (bakalawr ýa-da spesialitet) bitiren bolsaňyz, bu maksatnama arzany tabşyyp bilersiňiz.

Bu maksatnama, Germaniýanyň döwlet ýa-da döwlet tarapyndan ykrar edilen uniwersitetinde magistr deresini maliýeleşdirýär.

Esasy talap, Germaniýada alnan okuw netijeleriniň öz uniwersitetiňiz tarapyndan ykrar edilmegidir.

Saýlanan programmanyň dowamlylygyna baglylykda, talyp haky 10 aýdan 24 aýa çenli dowam eder.

Talyp haky saýlanan maksatnama üçin (iň köp 24 aý) adaty okuw möhleti üçin berilýär. Bu maksatnama tabşyranyňyzda, maliýeleşdirmäni almak isleýän döwrüňizi görkezmeli. Mysal üçin, iki ýyllyk okuw meýilnamasyny meýilleşdirýän bolsaňyz, arzaňyzda talyp hakynyň iki ýylyň dowamynda berilmgini isleýän bolsaňyz, ony bellemeli. Okuwyň birinji ýylyndan soň, akademiki üstünlikleriňiz geljekki maliýeleşdiriş maksatnamasy arkaly baha berler. Netijeler programmany rugsat berlen möhletde üstünlikli tamamlandygyňyzy görkezýän bolsa, talyp haky uzaldylar.

Talyp haky, adatça, indiki ýylyň 1-nji oktýabrynda ýa-da okuw başlamazdan ozal nemes dersini alan bolsaňyz başlaýar.

Talyp haky mukdary:

– Aýda 861 ýewro mukdarynda stipendiýa

– Saglyk ätiýaçlandyryşy, betbagtçylykdan ätiýaçlandyrma we şahsy jogapkärçiligi ätiýaçlandyryş üçin tölegler

– Ýol tölegleri üçin pul kömek

– Bir gezeklik okuw tölegi (DAC ýurtlarynyň raýatlary üçin 460 ýewro mukdarynda stipendiýa; beýleki ýurtlar üçin stipendiýa 260 ýewro).

Käbir ýagdaýlarda kärdeşler aşakdaky goşmaça ýeňillikleri alyp bilerler:

– Aýlyk ýaşaýyş jaýy tölegi

– Maşgala agzalaryna ýoldaşlyk etmek üçin aýlyk kömek. Talyp hakynyň dalaşgärleri üçin möhüm maglumatlary / F bölüm, 3-nji punkta serediň

– Maýyplyk ýa-da dowamly kesel bolan ýagdaýynda: maýyplygyň ýa-da dowamly keseliň netijesi bolan we beýleki maliýeleşdiriş çeşmeleri tarapyndan tölenmeýän goşmaça çykdajylar üçin pul kömegi: goşmaça maglumat

Germaniýada bolmaga taýýarlyk görmekde dil endikleriňizi ýokarlandyrmak üçin DAAD aşakdaky artykmaçlyklary hödürleýär:

– Talyp haky barada haty alandan soň onlaýn dil kursy üçin okuw tölegi ödener

– zerur bolsa: Germaniýa okuw sapary başlamazdan ozal nemes dili kursy (2, 4 ýa-da 6 aý); DAAD nemes dilini bilmek derejesine we okuw taslamasynyň elýeterliligine baglylykda gatnaşmagy maliýeleşdirmegi karar berýär ýa-da okuw dil kursynyň möhletini anyklaýar. Okuw nemes dilinde okadylsa, dil kurslaryna gatnaşmak hökmanydyr.

– Talyp haky döwründe saýlan nemes dili kurslaryň tölegi ödenýär.

– talyp hakynyň gowşuryş hatyny alanyňyzdan soň öz ýurduňyzda, ýa-da maliýeleşdiriş döwründe Germaniýada tabşyryp biljek TestDaF ýa-da DSH synagynyň tölegi ödener.

DAAD-yň okuw tölegini tölemeýändigini ýadyňyzdan çykarmaň.

Saýlaw prosesi:

Hünärmen alymlardan ybarat garaşsyz saýlama komiteti arzalary gözden geçirýär.

Saýlaw kriteriýalar:

Akademiki kwalifikasiýasy:

– Akademiki üstünlikleri

– Mümkin bolsa okuwy gutarandygy barada şahadatnama

– Okuw kursy

– Okuw dilini bilmek

– Zerur bolsa, degişli tejribe, iş tejribesi

Gerekli resminamalar:

  • CV (iň köp 3 sahypadan ybarat bolmaly);
  • Zerur bolsa, doktorlyk derejesiniň talyplary üçin neşirleriň sanawy (iň köp 10 sahypadan ybarat bolmaly);
  • Germaniýa uniwersitetiniň ylmy ýolbaşçysynyň tassyklamasy;
  • Meýilleşdirilen gözleg işleriniň tertibi (doktorantura üçin);
  • Germaniýada meýilleşdirilýän taslamanyň akademiki we şahsy sebäpleriniň beýany (1-3 sahypadan ybarat bolýan höweslendiriş haty). Şeýle hem, talyp haky dalaşgärleri üçin maglumatlary okamak zerur / B bölüm, 1-nji punkt.
  • Okuw maksatnamasy üçin kabul ediş haty.

Dil başarnyklary:

Okuw dili adatça nemes dilinde geçýändir we halkara programmalarda iňlis we nemes dillerinden birini saýlap bilersiňiz.

Arzany tabşyranyňyzda, dil şahadatnamasyny tabşyrmaly (okuw dili nemes dilinde bolsa – DSH ýa-da TestDaF, okuw dili iňlis dilinde bolsa – TOEFL ýa-da IELTS). Muňa degişli maglumat almak üçin uniwersitet bilen habarlaşmaly bolarsyňyz.

Mundan başga-da, talyp haky arzaňyzda saýlan diliň derejesini bellemek talap edilýär.

Tabşyryş möhleti: 28.10.2022

Dykgatnama: DAAD portaly 24:00 sagatda ýapylýar. (Merkezi ýewropa wagty ýa-da CEST). Mümkin bolsa, tehniki näsazlyklar ýüze çykan halatynda arzaňyzy soňky senä çenli garaşyp ibermäň!

Arza tabşyryş ýeri:

Germaniýanyň ilçihanasy

Medeniýet bölümi

“Ak Altyn” myhmanhanasy

744000 Aşgabat

 

Maglumat we maslahat merkezi: Mr. Raimond Selke (DAAD-mugallymy)

E-poçta: raimond.selke@daad-lektorat.de

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www2.daad.de/deutschland/stipendium/datenbank/en/21148-scholarship-database/?status=3&origin=78&subjectGrps=&daad=1&intention=&q=&page=1&detail=50026200