Fransiýada 2023-nji ýylda doly maliýeleşdirilýän Eiffel Excellence talyp haky
Eiffel Excellence Scholarship 2023, halkara talyplar üçin Ýewropadaky abraýly halkara talyp haklaryň biridir. Daşary ýurtly talyplar üçin magistr we PhD derejelerinde okamak üçin niýetlenendir. Bu talyp haky Fransiýada mugt okamaga mümkinçilik berýär.
Bu talyp haky maksatnamasynyň esasy maksady, fransuz ýokary bilimini ösdürmek we daşary ýurtly talyplara Fransiýada bilim bermek we medeni alyş-çalyşa höweslendirmek. The Eiffel Scholarship “Campus France Forum” bilim edarasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu maksatnama, globallaşma döwründe talyplary tankydy pikirlenmäge ruhlandyrýar we dogry kararlary bermek üçin başarnyklaryny uýgunlaşdyrmaga kömek edýär.
Ýewropanyň Ministrligi we Daşary işler ministrligi bu talyp hakyny maliýeleşdirýär. Bu talyp haky aýlyk stipendiýadan, howa ýoly gatnawlarynyň töleglerinden, goşmaça syýahat ýeňilliklerinden, saglyk ätiýaçlandyryşyndan we başga-da köp ýeňilliklerden ybaratdyr.
Talyp hakynyň dowamlylygy:
– Magistraturanyň M1 derejesi: iň köp 12 aý
– Magistraturanyň M2 derejesi: iň köp 24 aý
– PhD: iň köp 36 aý.
Eiffel talyp haky magistr we doktorlyk derejeleri üçin iki esasy düzgün-nyzam pudaklaryny hödürläp ýedi okuw ugurlaryny hem öz içine alýar.
Ylym we tehnologiýa
– Biologiýa we saglyk
– Ekologiki üýtgeşiklik
– Matematika we sanly tehnologiýalar
– Inženerlik ylymlary
Ynsanperwerlik we jemgyýetçilik ylymlary
– Taryh, fransuz dili we siwilizasiýa
– Hukuk we syýasat ylymlary
– Ykdysadyýet we dolandyryş
Kabul ederlik:
– Dalaşgärler daşary ýurtly talyplar bolmaly (fransuz raýatlary bolmaly däl).
– Fransiýa öz raýatlaryndan biri bolan goşa raýatlygy bolan dalaşgärleriň bu maksatnama gatnaşyp bilmeýärler.
– Saýlaw geçirilende dalaşgär azyndan 25 ýaşynda bolmaly.
– Mundan ozal dürli maksatnamalara gatnaşyp kabul edilmedik dalaşgärler bu talyp hakyna gatnaşyp bilmeýärler.
– Mundan ozal Eiffel Scholarship talyp hakyny gazanan talyplar 2023-nji ýylda gatnaşyp bilmeýärler.
– Magistr maksatnamasyny bu talyp haky bilen okan dalaşgärler doktorlyk derejäni gazanmak üçin arzalaryny tabşyryp bilerler.
– Fransiýada okaýan dalaşgärler magistr derejesi üçin bu talyp hakyny gazanyp bilmezler. PhD derejesi üçin daşary ýurtda okaýan dalaşgärleriň Fransiýada okaýan talyplardan bu talyp hakyny gazanmak has ýokary mümkinçiligi bardyr.
– Ýokary akademiki görkezijiler.
Artykmaçlyklary:
– 1,181 ýewro mukdarynda aýlyk stipendiýa.
– Halkara howa gatnawynyň petekleriň çykdajylary tölener.
– Fransiýanyň içinde otly gatnawly syýahatlar üçin iki petek. Olaryň biri 1-nji okuw ýeri üçin, beýlekisi 2-nji okuw ýeri üçin niýetlenendir.
– Ýerli transport üçin 50 ýewro.
– Lukmançylyk ätiýaçlandyryşy hem tölener.
– Talyplar medeni çärelere gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.
Gerekli resminamalar:
– Höweslendiriş haty
– CV
– Ýokary okuw jaýynda okan ýyllaryňyz boýunça baha tabeli (alyş-çalyş maksatnamalar boýunça daşary ýurtlarda geçirilen wagty goşmak bilen)
– Pasportyň nusgasy
– Zerur bolsa, dil synaglaryň şahadatnamalary (Fransuz we / ýa-da Iňlis)
Arza bermek prosesi:
– Arzalar diňe fransuz bilim edaralaryndan kabul edilýär.
– Saýlaw, öňki akademiki üstünliklerinden we gözleg temalaryndan ybarat bolýan hünäre esaslanýar.
– Ähli maglumatlar dogry bolmaly, arzanyň ähli zerur meýdanlaryny dolduryň.
– Talyplar ähli zerur resminamalary tabşyrmaly.
Bellik: Talyplar bu maksatnama gönüden-göni arzany bilmeýärler. Arzany ýokary okuw jaýynyň üsti bilen tabşyrmaly. Iki sany ýokary okuw mekdepde okaýan bolsaňyz, diňe bir arzany tabşyryp bilersiňiz.
Ilkinji gezek “Science Po” -dan Eiffel scholarship maksatnamasyna ýüz tutýanlar muny “Science Po” programmasynyň “Financial Information” bölüminde görkezmeli we zerur resminamalary ýüklemeli. Talyp haky anketaňyzyň diňe giriş üçin serediljekdigini ýadyňyzdan çykarmaň.
Eiffel maksatnamasy bilen gyzyklanýan bolsaňyz, indiki baglanyşyga (ssylka) geçiň: https://www.campusfrance.org/en/node/303563
Eiffel maksatnamasy boýunça gollanma: https://www.campusfrance.org/system/files/medias/documents/2021-10/Vademecum_Eiffel_2022_en.pdf
Giriş möhleti: 10-njy ýanwar, 2023
Doly maglumat üçin: https://www.campusfrance.org/en/eiffel-scholarship-program-of-excellence