14
Jul

Fransiýada Eiffel Excellence talyp haky 2024-2025, magistr we aspirantura

Fransiýada Eiffel Excellence talyp haky 2024-2025, magistr we aspirantura
Döwlet Fransiýa
Talyp haky Doly
Okuw dili Iňlis, Fransuz
Ugur Jemgyýetçilik Ylymlary, Matematika, Adam hukuklary
Dereje Magistr, Aspirantura
Deadline 2025-01-10

France Excellence Eiffel talyp haky programmasy, Fransiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan fransuz ýokary okuw mekdeplerine zehinli daşary ýurtly talyplary magistr we doktorlyk programmalaryna çekmäge kömek etmek üçin işlenip düzülen maksatnama.

Bu maksatnama, geljekde daşary ýurtly karar berýänleri hususy we döwlet pudaklarynda ileri tutulýan ugurlarda taýýarlaýar. Ýewropa we Daşary işler ministrligi bu talyp hakyny maliýeleşdirýär; sebäbi bu doly maliýeleşdirilen mümkinçilikdir. Talyplar her aýda stipendiýa, howa ýoly, syýahat goldawy, saglyk ätiýaçlandyryşy we başga-da köp maddy kömegini alarlar; dürli medeni çärelere gatnaşyp bilerler. Bu mümkinçilik sebäpli talyplar Ýewropada okamak bilen baglanyşykly çykdajylar barada alada etmegiň zerurlygy ýok. France Excellence Eiffel talyp haky maksatnamasynyň dowamlylygy M1 derejeli magistrler üçin 12 aý, M2 derejeli magistrler üçin 24 aý we PhD talyplary üçin 36 aý.

Eiffel Excellence talyp hakynyň dowamlylygy:

– M1 magistr derejesi: Iň köp 12 aý

– M2 magistr derejesi: Iň köp 24 aý

– PhD derejesi: Iň köp 36 aý

Eiffel talyp haky magistr we doktorlyk programmalary üçin ýedi okuw ugruny öz içine alýan iki esasy ugurlardan ybarat bolýar.

Ylym we tehnologiýa

– Biologiýa we saglyk

– Ekologiki geçiş

– Matematika we sanly tehnologiýalar

– Inženerçilik ylymlary

Ynsanperwerlik we jemgyýetçilik ylymlary

– Taryh, fransuz dili we siwilizasiýa

– Hukuk we syýasat ylymlary

– Ykdysadyýet we dolandyryş

Kabul ederlik:

– Dalaşgärler daşary ýurtly talyplar bolmaly (fransuz raýatlary däl).

– Iki raýatlygy bolan dalaşgärler, raýatlygynyň biri Fransiýa bolsa, bu maksatnama gatnaşyp bilmez.

– Saýlaw geçirilende dalaşgär azyndan 25 ýaşynda bolmaly.

– Mundan ozal beýleki ýaryşlardan ret edilen dalaşgärler bu maksatnama gatnaşyp bilmeýärler.

– Mundan ozal Eiffel talyp hakyny alan talyplar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler.

– Magistr derejesi üçin Eiffel talyp hakyny alan dalaşgärler doktorlyk derejesi üçin hem talyp hakyna arzalaryny tabşryp bilerler.

– Fransiýada okaýan dalaşgärler magistr derejsine ýüz tutup bilmeýärler. Doktorlyk programmasyna girmek üçin Fransiýanyň daşyndaky talyplar fransuz talyplaryndan has ileri tutular.

– Fransiýada talyp hakyny almak üçin talyplaryň ýokary akademiki ýetişgenligi bolmaly.

Artykmaçlyklary:

– Aýlyk stipendiýa 1,181 ýewro.

– Halkara howa gatnawy üçin çykdajylary ödeýärler.

– Fransiýanyň içinde syýahat etmek üçin iki sany otly biletiň çykdajylary. Bir otly 1-nji okuwa, ikinjisi – 2-nji okuwa bilet.

– Ýerli transport üçin 50 ýewro çenli kömek puly.

– Lukmançylyk ätiýaçlandyryşy hem tölener.

– Talyplar medeni çärelere gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.

Gerekli resminamalar:

– Höweslendiriji haty

– Rezýume

– uniwersitetde okan ýyllary üçin akademiki şahadatnamalar (alyş-çalyş maksatnamalarynda daşary ýurtlarda geçirilen döwürleri goşmak bilen)

– Pasportyň göçürmesi

– Zerur bolsa, dil tassyklaýyjy synaglaryndan (fransuz we / ýa-da iňlis dili) geçiş şahadatnamalary

Arzany nädip tabşyrmaly

Birinji ädim

– Öz ýurduňyzdaky “Campus France” ýa-da Fransuz ilçihanasynyň Hyzmatdaşlyk we medeni çäreler bölümi bilen habarlaşyň, bu size okuw meýilnamalaryňyzy düşündörmek we maslahat bermek bilen kömek eder.

– Arza beriş amallary we möhletleri üçin web sahypasy, e-mail ýa-da telefon arkaly fransuz edarasynyň halkara gatnaşyklar bölümine ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.

– Fransiýada okamak meýilnamalaryňyza laýyk gelýän mekdebi ýa-da uniwersiteti saýlaň.

Arzalar ähli fransuz ýokary okuw mekdepleri üçin açykdyr.

Ikinji ädim

– Okuw jaýyňyz, Fransiýanyň Excellence Eiffel talyp haky üçin arzaňyzy kabul edýär we goldaýar

– Okuw jaýyňyz, Campus France ýörite web sahypasy arkaly arzaňyz onlaýn tabşyrýar.

Bellik: Talyplar Eiffel talyp hakyna göniden arzany tabşyryp bilmeýärler. Arza ýokary okuw jaýynyň üsti bilen tabşyrylmaly. Iki sany ýokary okuw mekdebinde okaýan bolsaňyz, diňe bir arza tabşyryp bilersiňiz.

Eiffel maksatnamasyna gatnaşmak isleýän talyp bolsaňyz, şu ýere basyň: https://www.campusfrance.org/en/node/303563

Eiffel maksatnama gollanmasy: https://www.campusfrance.org/system/files/medias/documents/2024-02/REGLEMENTATION_LAUREATS%20Eiffel_2024_EN.pdf

Möhletler:

Arza kabul ederligiň açylyşy: 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň hepdesi

Campus France-a arzany tabşyrmagyň iň soňky güni: 10-njy ýanwar, 2025.

Netijeleriň bildirişi: 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 8-de başlaýan hepdesi

Has giňişleýin maglumat: https://www.campusfrance.org/en/eiffel-scholarship-program-of-excellence